Uzak ýyllaryň dowamynda hakyky ýaryş şertlerinde marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçmegiň mümkin däldigi hasap edilýärdi. Emma ýakynda geçirilen London marafonynda Sebastýan Saue 1:59:30 netijesi bilen bu pikirleri inkär etdi. Onuň yzysüre Ýomif Kejelça hem bu serhedi geçmegi başardy. Meşhur çäk ýeňildi, ýöne bu kynçylyklar gutardy diýen manyny bermeýär.
Adamzadyň öňünde heniz-de hakykatdanam mümkin däl ýaly görünýän wezipeler bar. Ine, heniz ýeňilmedik esasy “belentlikler”:
9 metrden uzak bökmek
Uzynlygyna bökmek boýunça dünýä rekordy (8,95 m) 1991-nji ýyldan bäri üýtgemeýär. Maýkl Pauell 9 metre iň ýakyn gelen türgen boldy, ýöne bu çäk henizem resmi taýdan geçilmedi. Bu rekord ýeňil atletikanyň iň uzak dowam edýän rekordlarynyň biridir.
Ýuwaş ummany ýüzüp geçmek
Atlantik ummany ýüzüp geçildi, ýöne planetanyň iň uly ummany henizem bir demde doly geçilmedi. Fransuz Benua Lekomt 2018-nji ýylda 1500 mil ýüzdi, emma ýoldaş gämisindäki näsazlyk sebäpli ýaryşy tamamlamaga mejbur boldy. Ýuwaş ummany henizem öz ýeňijisine garaşýar.
30 minut dem alman galmak
2025-nji ýylda horwat Witorimir Mariçiç suwuň astynda dem alman 29 minut 3 sekunt saklandy. 30 minutlyk çäk mümkin ýaly görünýär, ýöne bu adatdan daşary beden we psihologik taýýarlyk talap edýär.
Kanun bilen goralan belentlikler
Butanda ýerleşýän Kankar-Punsum dagy (7570 m) dünýäniň iň beýik ýeňilmedik nokady hasaplanýar. Emma ol hemişelik şeýle galyp biler: 1994-nji ýyldan bäri Butanda ýerli dini ynançlara hormat goýmak maksady bilen 6000 metrden ýokary daglara çykmak gadagan edilýär.
Bu mysallar ýaşyň we stereotipleriň päsgel däldigini görkezýär. Mysal üçin, dem saklamak boýunça rekord goýan Budimir Şobat fridaýwing bilen 48 ýaşynda meşgullanyp başlady. Dünýä henizem özüne garşy çykmaga taýyn adamlar üçin mümkinçiliklerden doly.
ORIENT
