||
2-nji we 3-nji maýda Aşgabat şäherinde Mukamlar köşgüniň sahnasynda beýik türkmen kompozitory Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan TÝRKSOÝ-nyň opera sahnasynyň ussatlarynyň gala-konserti geçiriler.
Konsertiň maksatnamasynda dünýä opera sungatynyň ajaýyp eserleri Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe we Türkmenistan ýaly türki dünýäsiniň ýurtlarynyň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar. Sazy Türkmenistanyñ Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirer.
Konsertler sagat 18:00-da başlanar. Goşmaça maglumat almak üçin 48-96-83, 48-96-85 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.
