Kişinýew şäherinde iş saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Ilçisi T.Ataýew Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge, şeýle hem işewür gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirilen amaly çäreleri işläp düzmäge üns berildi.
Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň özara hyzmatdaşlygyny goldamagyň mümkin bolan mehanizmlerini, şol sanda işewür maglumatlaryny alyşmagy, olaryň saparlaryny guramagy, degişli sergilere we ýarmarkalara gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Telekeçileriň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmen tarapy ýurduň ykdysady mümkinçilikleri we dowam edýän taslamalary barada jikme-jik maglumat berdi. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynyň depginli ösüşi bellenildi. Himiýa senagatynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda we azyk önümlerini gaýtadan işlemekde, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler nygtaldy.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ilçisi moldawiýaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Moldowa tarapy energiýa, himiýa senagatynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem işewür çärelere gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Duşuşykdan soňra, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini tassykladylar we ony mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
ORIENT
