2025-nji ýyldan başlap "Bereket Gozbashy" kompaniýasy Hytaýyň Geely awtoulag brendiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory hökmünde çykyş edip, üpjünçilik ýollaryny yzygiderli ösdürýär we içerki bazarda häzirki zaman awtoulaglarynyň täze hil derejesini kemala getirýär.
Geely — soňky ýyllarda tehnologiýa, ygtybarlylyk we häzirki zaman dizaýny utgaşdyrmak arkaly halkara derejesinde ornuny berkitmegi başaran Hytaýyň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň biridir.

Üpjünçilik çäginde hödürlenýän model hatarynda Hytaý bazarynda Geely Xingyue L diýlip tanalýan Geely Monjaro modeli hem bar. Bu model SUV segmentine degişli bolup, Geely brendiniň umumy standartyny açyp görkezýän ýokary derejeli enjamlaşdyrylyşy, oýlanyşykly inžener çözgütleri we häzirki zaman tehnologiýalary bilen tapawutlanýar.
Model hatarynyň tanyşdyrylyşynyň möhüm tapgyry hökmünde 16-njy aprelde Türkmenistanda hytaý hyzmatdaşlary bilen geçirilen halkara sammitiň çäklerinde sergi guraldy. Bu çärede Geely-niň resmi distribýutorlary awtoulaglaryň hataryny hödürläp, brendiň hil, dizaýn we tehnologiýa çemeleşmesini görkezdi.
Çäre işewürleri, hyzmatdaşlary we beýleki myhmanlary bir ýere jemläp, awtoulaglar bilen has ýakyndan tanyşmaga we olaryň mümkinçiliklerini amaly ýagdaýda bahalandyrmaga mümkinçilik döretdi.
Sergide görkezilen modeller:
-Geely Emgrand
-Geely Monjaro (Geely Xingyue L)
-Geely Preface
-Geely Coolray
Bu modelleriň her biri häzirki zaman dizaýny, tehnologiýa we amatlylygy utgaşdyrmaga gönükdirilen Geely brendiniň filosofiýasyny görkezýär we kompaniýanyň Türkmenistanyň bazaryndaky ornuny barha berkitýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
E-poçta: autosale@bereket-gozbashi.group
Satuw ofisleriniň we hyzmat merkezleriniň salgylary:
-Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 602
-Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, 2-nji senagat zolagy, bina 43
-Balkan welaýaty, demirgazyk tarapy, Türkmenbaşy–Balkanabat ýolunyň 7-nji km
-Daşoguz welaýaty, Daşoguz–Howa menzili ýolunyň 6-njy km
-Mary welaýaty, Mary–Aşgabat ýolunyň 16-njy km
Telefon:
+993 65 551881
+993 12 751881
ORIENT
