Paýtagtymyzyň saz muşdaklaryny ajaýyp aýdym-saz wakasy garaşýar: 5-nji maýda “Arkaç” söwda merkeziniň “Iş nokady” koworking merkezinde Brass Power atly täze topar ilkinji gezek çykyş eder.
Toparyň düzümine halkara bäsleşikleriň ýeňijileri bolan tanymal ussat sazandalar girýär:
Döwran Gylyjow (trombon);
Babaguly Goşaýew, Meýlis Ataýew, Ysmaýyl Atakow (truba);
Maksat Akmyradow (waltorna);
Resul Çaryýew (urguly saz gurallary).
Agşamky maksatnama misli üflenýän saz gurallarynyň güýçli energiýasyny, meşhur kinofilmlerden sazlary hem-de nusgawy jaz kompozisiýalaryny özboluşly ýerine ýetirişde birleşdirer.
Myhmanlar üçin maglumat:
Sene we wagt: 5-nji maý, sagat 19:00.
Geçiriljek ýeri: “Arkaç” söwda merkezi, “Iş nokady” koworking zaly.
Biletleri çäräniň resmi afişasynda görkezilen telefon belgileri arkaly satyn alyp bolýar.
