
Hytaý 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap daşary ýurt azyk öndürijileriniň hasaba alynmagyny ýeňilleşdirer.
Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligi Hytaý bazaryna azyk önümlerini iberýän daşary ýurt kärhanalarynyň hasaba alyş tertibini täzeden gözden geçirdi. Täzelenen düzgünler söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Täze düzgünlere görä, öňden bäri hasaba alnan takmynan 96 müň kompaniýanyň işi täsir astyna düşmez. Şol bir wagtda kärhanalaryň takmynan 95 göterimi hasaba alnyşyny awtomatiki uzaldyp biler. Galanlary üçin ýüz tutmagyň möhleti giňeldildi — indi ol hasaba alyş möhleti gutarmanka 3–12 aý aralygynda (öň 3–6 aýdy) bolar.
Täze gatnaşyjylar üçin resminama talaplary ýeňilleşdirildi, şeýle hem sanaw boýunça çaltlaşdyrylan hasaba alyş mehanizmi girizildi.
Täze düzgünler Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň №280 belgili buýrugynda we 2026-njy ýyldaky №27 belgili düşündirişinde berkidildi.