
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Pariž şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi gurady. Sport we ekologiýa maksatly çärä diplomatlar we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Parižiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişiň ugry Eýfel diňiniň eteginde ýerleşýän Mars meýdanyndan başlap, Fransiýanyň paýtagtynyň taryhy köçeleriniň üsti bilen dowam etdi. Gatnaşyjylar şäheriň esasy gözel ýerleriniň, şol sanda Bir-Hakeým köprüsiniň, Trokadero baglarynyň, Alma meýdançasynyň we Harby mekdebiň çäginden geçdiler. Ýörişiň dowamynda türgenleriň öňünde Gran-Pale we Pti-Pale köşkleriniň ajaýyp görnüşleri, şeýle hem Maýyplar öýüniň binasynyň görnüşi açyldy. Bu çäre sportuň, daşky gurşawy goramagyň we Parižiň baý medeni mirasynyň sazlaşygyny özünde jemledi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Bütindünýä welosiped gününiň 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hut Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilendigini ýatlatdy. Bu baýram hemmeler üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipedi wagyz etmäge gönükdirilendir. Ilçi her ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda giň gerimli welosipedli ýörişiň geçirilýändigini, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem bu asylly däbi goldap, dostluk we sagdyn durmuş ýörelgeleri töwereginde adamlary birleşdirýändigini nygtady.
ORIENT