1-nji iýunda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Çärä Saud Arabystany Patyşalygyndaky Türkmenistanyň raýatlary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Er-Riýad şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow çykyş edip, Türkmenistanyň sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmäge, ekologiýa we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen halkara başlangyçlary hem-de Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada belläp geçdi.
Welosipedli ýörişe gatnaşanlar Türkmenistanyň ekologiýany we daşky gurşawy arassa saklamak, berk bedenli sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça halkara başlangyçlaryna hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

ORIENT
