«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça 2026/29 belgili tenderi yglan edýär. Satyn alyşlar Türkmenistanyň manadynda we Russiýa Federasiýasynyň rublynda amala aşyrylar.
Tenderde gatnaşmak isleýän dalaşgärler guramanyň resmi blankasynda şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna arza taýýarlap, ony şu elektron poçta salgysyna ibermelidirler: KhalilulinBS@tatneft.tatar.
Arza ygtyýarly wezipeli şahs tarapyndan gol çekilip, möhür bilen tassyklanmalydyr. Resminamada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitleri görkezilmelidir. Offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza seljerilenden soň, gatnaşyjylara görkezilen elektron poçta salgysyna tehniki tabşyryk iberiler.
Tender teklipleri PDF görnüşindäki elektron faýllar görnüşinde, şol bir wagtyň özünde Excel formatyndaky nusgasy bilen bilelikde hödürlenmelidir. Resminamalar RAR formatynda arhiwlenip, azyndan sekiz nyşandan ybarat açar sözi bilen goragly bolmalydyr.
Tender tekliplerini tabşyrmagyň möhleti bildirişiň 2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda «Nebit-Gaz» gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününi, ýagny 01.06.2026 – 12.06.2026 aralygyny öz içine alýar. Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti — onunjy iş gününiň ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli. Bellenilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
MTO inženeri
Tel: +993 65 83-18-99
Tehniki meseleler boýunça:
Baş mehanik
Tel: +993 65 35-12-57
Tel: +993 62 74-18-80
