Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Babasyry Annamyradowyň we Ada Gutlyýewiň eserlerinden ybarat bolan sergi açyldy. Eger sungatda agram derejelerini ulanmaly bolsa, bu dueti hakyky “agyr agramda” diýip atlandyrmak bolar — bu olaryň derejeleri üçin däl-de, eýsem göterýän manylarynyň çuňlugy üçindir.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bu sergi «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýen şahyrana ady göterýär. Emma bu ýerdäki adaty owadanlyk we güýç şekilleriniň aňyrsynda has çuňňur zat — synlama tejribesine çakylyk ýatyr.

Ada Gutlyýewiň polotnolaryndaky bedewleriň nurana şekilleri Babasary Annamyradowyň meşhur «almalary» bilen sazlaşyk döredýär. Bu miweler — altyn çaýylan, agaçdan ýasalan, nagyşlanan, tekiz ýa-da büdür-südür görnüşinde bolsun — diňe bir şekil bolmakdan galýar. Olar Ýeriň nusgasy, durmuşyň aýlawy ýaly görünýär, bu ýerde her bir epin — bu bakylygyň traýektoriýasydyr.

Bu nädogry tegelekliň içinde geň, şol bir wagtda-da çalt düşünmek üçin “amatsyz” bolan bir güýç jemlenen: edil uly daragta öwrülmezinden ozal kiçijik tohumyň içinde durmuşyň ukyda ýatyşy ýaly. Suratkeş diňe bir formany täzeden döretmek bilen çäklenmän, eýsem energiýanyň maddy görnüşde doňup galan pursadyny hem belleýär we tomaşaçyny saklanmaga hem-de bu ýaňly dymyşlygy diňlemäge mejbur edýär.

Ada Gutlyýewiň ady köp ýyllardan bäri adaty halyçylyk sungatynyň synag meýdanyna öwrülmegi bilen baglanyşdyrylýar. Haly suratçylygy? Installyasiýamy? Onuň işleri haýsydyr bir žanryň çäklerine asla sygmaýar. Bu, öňden galan taýýar ýollardan bilgeşleýin dänip, ilkinji ýol açyjynyň ýalňyzlygyny saýlap alan ylmy adamyň ýoludyr. Şeýle atlandyrmalardan ýüz öwürmekde aýratyn bir hakykat görünýär: hatda seniň döredijiligiň üçin entek at tapylmadyk hem bolsa, özüň bolup galmak hukugy.

Hakyky sungat — bu öz kabul eden zadyň aňyrsyna seretmek synanyşygydyr. Ada Gutlyýew bir gezek tanyşy bilen gürleşende, ýaponlaryň meşhur “On bäş daşly bagy” baradaky rowaýaty eşidýär. On bäş sany daşyň diňe on dördüsiniň tomaşaça elmydama görünýändigi baradaky hekaýat şu zady ýatladýar: ynsan öz “men-menligi” we seredýän nokady bilen çäklenendir, dünýäni bütewi görmek üçin bolsa gözleriň bilen däl-de, “akylyň nazary” bilen seretmeli.

Dünýäniň bizden, biziň görüp bilşimizden elmydama has giňdigi baradaky bu pikir suratkeş üçin döredijilik çagyryşyna öwrüldi. Bu pikir bilen ruhlanan Ada Gutlyýew “Daşlar bagynyň” haly görnüşindäki nusgasyny döretmäge synanyşdy we şol nusgalaryň biri sergide görkezilýär.
Daşdan seredeniňde, haly dogry çyzylan grafiki nagyş ýaly görünýär, ýöne golaýlaşdygyňça şol ritmiki nagyş “açylyp” ugraýar: ol ýüzlerçe atyň keşbinden ybaratdyr. Ýene bir ädim ädeniňde bolsa, gozgalanman duran at şekilleri sypyp gidip, titräp duran akymyň içine garyşyp başlaýar — edil şol formanyň hereketde eräp gidýän “dzen” ýagdaýy ýaly. Bu bolsa Älemiň üýtgewsiz kanunlary bilen biziň durmuşymyzyň üýtgäp duran akymynyň arasyndaky deňagramlylykdyr: daşlar öz ýerinde galýar, ýöne olaryň içinde tükeniksiz akym akyp dur.

Dünýä elmydama biziň göz öňüne getirişimizden has giňdir. Onuň bütewiligine diňe içki dymyşlyk arkaly golaýlaşyp bolar we Babasary Annamyradowyň heýkel kompozisiýalary hut şol titremäniň özüne öwrüldi. Olar köplenç “düşnüksiz” bolup galýarlar: tomaşaça öwrenişen tanyş keşplerini gözleýär, emda logika abstraksiýanyň öňünde ejiz gelýär.

Emma hut şu tanyşlyk duýgusynyň gutarýan ýerinde synlama başlanýar. Boýun alýaryn: men hem bu işlere akyl ýetirip doly “düşünmedim", ýöne olary fiziki derejede duýdum diýen ýaly. Bu hamala bir himiki barlaghana meňzeýär, ol ýerde belli bir madda düzümleriniň öz düýp manysyny ýitirmezligi üçin, olary yzygiderli näzik yrgyldy ýagdaýynda saklamaly. Bu heýkeller doňup galan daş bölekleri däl-de, janly maddalardyr.

Olaryň urgusyny duýmak üçin, edil şol “on bäşinji daşy” görmäge mümkinçilik berýän duýgurlygy işletmeli. Şol pursatda sen forma gözlemegiňi bes edýärsiň-de, arassa energiýany kabul edip başlaýarsyň. Suratkeş bilen tomaşaçynyň galtaşýan hut şu nokadynda bolsa söz talap etmeýän duýgular döreýär.
Wiktoriýa ŞUPAK




