"Türkmengaz" Döwlet konserni 20.04.2026- 05.06.2026 seneleri aralygynda kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-022 belgili açyk tenderi yglan edýär.
Tenderiň geçirilýän möhleti: 20.04.2026 – 05.06.2026
Tendere haryt öndüriji kompaniýalar gatnaşmaga rugsat edilýär (tender resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelmek şerti bilen).
Tender lotlary
Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;
Lot № 3 - «Gözegçilik-ölçeg abzallary, aragatnaşyk serişdeleri».
Arzalaryň tabşyrylmagy
Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, "Türkmengaz" DK salgysy boýunça:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Habarlaşmak üçin
Email: info@turkmengaz.gov.tm
Tel.: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
ORIENT
