Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk öňümizdäki “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäginde täze itergi alar. Işewürlik maksatnamasynyň esasy çäreleriniň biri hökmünde türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçiriler.
ТАSS agentliginiň Tatarystanyň maýa goýum ösüş agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minnulina salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl forumyň guramaçylary “döwletara gatnaşyklary” formatyna aýratyn üns berdiler. Dürli ýurtlar bilen doly hökümetara toparlarynyň mejlisleri bilen bir hatarda, Kazanda bilelikdäki başlyklaryň derejesinde üç sany möhüm duşuşyk meýilleşdirilýär, olaryň arasynda “Russiýa — Türkmenistan” görnüşindäki gepleşik hem bar.

Taraplaryň häzirki ykdysady ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem-de täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Ýatladyp geçsek, rus tarapyndan toparyň başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, türkmen tarapyndan bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bolup durýar.
KazanForum–2026 12–17-nji maý aralygynda geçiriler we gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord derejesine ýetmegine garaşylýar. Işewürlik maksatnamasy 20 ugur boýunça 140-dan gowrak sessiýany öz içine alýar.

Forumda Türkmenistan hem milli pawilýony bilen çykyş edip, öz eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini görkezer.
2026-njy ýylda Kazanyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly, forumyň dowamynda 14-nji maýda Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň mejlisi hem geçiriler.

Adaty ykdysady panellerinden başga-da, forumda ilkinji gezek at çapyşyklary we çapyksuwarlaryň çempionaty geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň medeni däpleri bilen hem sazlaşýar. Olar 16-njy maýda Kazan aýlawynda geçiriler we oňa türkmen çapyksuwarlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
13-nji maýda bolsa sypaýy moda festiwaly geçiriler. Russiýa, Indoneziýa, Malaýziýa, Marokko, Türkmenistan, Özbegistan we Pakistan döwletlerinden dizaýnerler öz işlerini görkezerler.

