Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ekologik biotehnologiýa pudagynda nebit bilen hapalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilen innowasion çözüm işlenip düzüldi we patentleşdirildi.
Ýerli uýgunlaşdyrma tehnologiýasy
Bu işläp taýýarlamanyň esasynda, gönüden-göni düzüminde nebit bolan galyndylardan alnan ýerli mikroorganizmleriň konsorsiumyny ulanmak usuly ýatyr. Olaryň hataryna “Penicillium chrysogenum”, “Trichoderma harzianum”, “Fusarium oxysporum” ýaly kömelek görnüşleri, şeýle hem “Rhodococcus” urugyna degişli bakteriýalar girýär.
Ýerli mikofloranyň ulanylmagy bioserişdäniň sebitiň howa şertlerine we hapalanmalaryň aýratynlyklaryna ýokary derejede uýgunlaşmagyny üpjün edýär hem-de arassalamagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Biodestruksiýanyň üç basgançakly tapgyry
Usulýet yzygiderli üç tapgyry öz içine alýar. Birinji tapgyrda uglewodorod birleşmelerini netijeli dargatmaga ukyply iň işjeň ştammlaryň skriningi we saýlanyp alynmagy amala aşyrylýar.
Soňra fermentasiýa amala aşyrylýar — bu döwrebap bioreaktorlaryň kömegi bilen dolandyrylýan şertlerde biomassanyň köpeldilmegidir. Jemleýji tapgyrda bolsa iş ýüzünde ulanmaga taýýar bolan bioserişdäniň kemala getirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bioserişdäniň dürli görnüşlerinde geçirilen deňeşdirme seljermesi, tehnologiýany anyk ekologik wezipelere görä uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ekologik täsir we topragyň dikeldilmegi
Bioserişde çylşyrymly uglewodorodlaryň çuňňur dargama amallaryny başladýar we zäherli birleşmeleri ekologik taýdan howpsuz madda çalşygy önümlerine öwürýär.
Şol bir wagtyň özünde topragyň biosenozynyň dikelmegi bolup geçýär: peýdaly mikofloranyň işjeňligi artýar, ýerleriň tebigy regenerasiýasy çaltlanýar. Miseliniň (kömelek pöküsi) ösmegi topragyň gurluşynyň gowulanmagyna ýardam edýär, ýel eroziýasynyň töwekgelçiligini azaldýar we topragyň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Nebit şepbikleriniň (smolalarynyň) konsentrasiýasynyň peselmegi topragyň gatlagynyň gaz çalşygynyň we suw geçirijiliginiň dikelmegine ýardam edýär, bu bolsa çäkleriň geljekki ekologik dikelişi üçin möhüm şertdir.
«Ýaşyl» gün tertibine goşant
Bu taslama, ählumumy «ýaşyl» gün tertibiniň amala aşyrylmagynda türkmen biotehnologiýasynyň mümkinçiliklerini görkezýär.
Şeýle çözgütleriň iş ýüzünde ulanylmagy, zalaýanma sezewar bolan ýerleri dikeltmek we nebit çykarylyşy bilen bagly ekologik töwekgelçilikleri azaltmak boýunça milli tagallalaryň möhüm bölegi bolup biler.
ORIENT
