Bangkokda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasy öz işene başlady. “Hiç kimi ünsden düşürmezlik” şygary astynda onlarça ýurduň wekiliýetleri sebitiň ösüşini nädip hakyky inklýuziw etmelidigi barada maslahatlaşýarlar. Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet tarapyndan wekilçilik edilýän Türkmenistan, bu forumda diňe bir gatnaşyjy däl-de, eýsem 34 ýyllyk tejribesi bolan strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.
1992-nji ýyldan bäri ESCAP-yň doly hukukly bolan Türkmenistan, halkara standartlaryna uýgunlaşmakdan başlap, sebit gün tertibini kemala getirmäge çenli uly ýoly geçdi. Türkmenistan şu günki günde Komissiýanyň ulag we ekologiýa ulgamyndaky esasy kararnamalarynyň awtorydyr. Häzirki sessiýa gatnaşylmagy bir hakykaty tassyklaýar: ýurt özüniň energetika we sanlylaşdyrmak babatdaky milli gazananlaryny bütin Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine ýaýmaga taýýardyr.

Sessiýanyň meýilnamasynda SPEKA-a (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) gatnaşyjhy döwletleriň Ministrler duşuşygy aýratyn orun tutýar. Bu ýerde pikir alyşmalar amaly ugra geçip, aşakdaky üç sany esasy ugury öz içine alýar:
«Ýaşyl» özgertme: üstaşyr geçelgeleri ekologiýa taýdan arassa ugurlara öwürmek;
Sanly söwda: kiçi we orta telekeçilik üçin amallary ýönekeýleşdirmek;
Adam maýasy: ertirki günüň logistikasyny dolandyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak.

Logistikadan başga-da, 82-nji sessiýa tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakdan başlap, innowasion telekeçilige çenli giň gerimli meseleleri öz içine alýar. Türkmenistan üçin bu milli maksatnamalary ählumumy Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşdyrmak meýdançasydyr. Esasy wezipe — ykdysady üstünlikleriň ähli ýaşdaky adamlaryň abadançylygyna öwrülmegini üpjün edýän ösüş nusgasyny kemala getirmekden ybaratdyr.
Sessiýanyň işi 24-nji aprele çenli dowam eder we Türkmenistanyň ulag-logistika baglanyşygyny berkitmek baradaky teklipleriniň forumyň jemleýji resminamalarynda öz beýanyny tapmagyna garaşylýar.
