Eýran ýük ulaglary indi Owganystanyň çägine wizasyz we giriş töleglerini tölemezden girip bilerler. Bu barada Eýran–Owganystan bilelikdäki söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mahmud Siýadat habar berdi.
Siýadatynyň düşündirmegine görä, Eýranyň Owganystan we Pakistan bilen gündogar serhetlerinde daşary söwda boýunça adaty tertipler saklanýar. Şeýle-de bolsa, täze düzgün eýranly daşaýjylar üçin logistika işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.
Eýranyň Söwda palatasynyň maglumatlaryna görä, Tähran bilen Kabulyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk sebitdäki syýasy we harby ýagdaýlara garamazdan taryhy taýdan dowam edip gelýär.
Aýratynlykda Siýadat soňky döwürde Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky harby dartgynlyklaryň fonunda iki ýurduň hem Eýrany möhüm üstaşyr ugry hem-de haryt üpjünçiligi üçin esasy çeşme hökmünde has işjeň görýändigini aýtdy.
Bellik: Täze ylalaşyk diňe ýük ulaglaryna degişli bolup, ýolagçy gatnawlaryna degişli däldir.
