
14-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOC) Ýaşlar forumynyň ilkinji gününe gatnaşmaga başlady. Forum «Innowasiýa, birleşmek we özgertmek: ýaşlaryň 2030-njy ýyla barýan ýoly kemala gelýär» diýen şygar astynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Bu halkara forumda Türkmenistana Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Gülnabat Gurdowa we Ýaşlar syýasaty bölüminiň müdiri Wepa Gutlyýew wekilçilik edýärler.
Howandarlyk geňeşiniň mejlisler zalynda dürli ýurtlaryň wekilleri ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegi tizleşdirmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda BMG-niň ýokary derejeli wekilleri çykyş etdiler, olaryň arasynda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygy Annalena Berbok hem bar. Maslahatlaşmalaryň esasy temasy ýaşlaryň innowasiýalarynyň sanly özgertmelerden başlap, howa adalatlylygyna çenli häzirki zaman global meselelerini çözmekdäki orny boldy.
Birinji günüň maksatnamasy üç esasy ugra gönükdirildi:
• Arassa suw we sanitariýa (DÖM 6);
• Elýeterli we arassa energiýa (DÖM 7);
• Senagatlaşma we innowasion infrastruktura (DÖM 9).
Bu sessiýalaryň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri ýaşlaryň energetika çözgütlerine we telekeçilige gatnaşygyny giňeltmek boýunça halkara tejribäni öwrenýärler.
EKOSOC forumyna gatnaşmak Türkmenistanyň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatynda işjeň ornuny tassyklaýar. Nýu-Ýorkdaky bu meýdança diňe bir tejribe alyşmaga däl, eýsem milli başlangyçlary dünýä derejesinde öňe sürmäge hem mümkinçilik berýär hem-de 2030-njy ýyla çenli Global gün tertibini durmuşa geçirmäge goşant goşýar.
ORIENT