16-mjy aprelde Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar. Forumy geçirmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda HHR-e amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda CNPC-iň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda öňe sürüldi.

Energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň çäginde amala aşyrylan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy asyryň iri taslamalarynyň biri hökmünde taryha girdi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan forumda çykyş edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi diýip, TDH habar berýär.

Din Sýuesýan Türkmenistanyň Hytaý üçin tebigy gazy ibermekde iň iri we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy hem-de transmilli gaz geçirijiniň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Din Sýuesýan hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynyň dowamynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitledi. Ol bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmeginiň we özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň Hytaýyň energiýa serişdelerine bolan çalt ösýän isleglerini kanagatlandyrmakda, şeýle-de tutuş sebitiň energetika durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.
Halkara ylmy-amaly Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalaryna we eksport infrastrukturasynyň ösüşe, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine, energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde inženerçilik hem-de sanly çözgütleriň ornuna, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamaga, ylmy-bilim hyzmatdaşlygyna we ekologik durnuklylygy üpjün etmäge bagyşlanan mowzuklaýyn sessiýalar bilen dowam etdi.

Forum 20 ýyllyk bilelikdäki iş tejribesiniň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we täjirçilik bähbidi esasynda hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny kemala getirendigini tassyklady.
