15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.
Gaznasynyň ştab-kwartirasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy.
Gaznanyň wise-prezidenti dostlukly ýurduň wekiliýetini türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady.
Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, wise-prezident Oguljahan Atabaýewa bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.
Tan Çžişu Gaznanyň haýyr-sahawat işleriniň geriminiň örän giňdigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman saparynyň çäginde Gaznanyň wise-prezidenti bilen duşuşmagyň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti ýurtlarymyzy dostluk we birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça has-da ilerledilýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Pekinde HHR-iň Başlygy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy bilen ýaňy-ýakynda geçiren gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açandygy hem nygtaldy.
Şeýle hem O.Atabaýewa iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, şu ýyl gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 20 ýyl bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda işjeňleşdirilýändiginiň beýanydyr.
Gaznanyň wise-prezidenti Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň çakylygy boýunça iş sapary bilen Hytaýda bolandygyny we saparyň çäklerinde bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirendigini aýtdy. Şonda Sun Sinlin adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki döwürde resminamadan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
O.Atabaýewa gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş işlerini alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, wekilçilik edýän gaznasynyň 2021-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça döredilendigini nygtady. Şunda çagalaryň saglygyny goramak, olar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek meselelerine zerur üns berilýär.
O.Atabaýewa şu ýyl gaznanyň döredilmegine 5 ýyl bolandygyny belläp, şu döwürde köp sanly haýyr-sahawat işleriniň amala aşyrylandygyny, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli ugurlar boýunça çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini aýtdy. Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 150 orunlyk çagalar bagy hereket edýär. Olarda sagaldyş işleri bilen bir hatarda, çagalaryň okuw sapaklaryny özleşdirmekleri ugrunda-da tagalla edilýär.
“Milli derejede aýdylanda, haýyr-sahawat gaznasy näsag we beýleki durmuş goldawyna mätäç çagalara ýardam bermek boýunça döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde işleýär” diýip, gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň işini mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Gazna çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen birlikde, olaryň ahlak, aň-paýhas, beden taýdan ösüşine hem goldaw berýär, bilim we sport toplumlarynyň gurluşygyna ýardam edýär. Bu işleriň ählisi çagalaryň nurana geljeginiň bähbidine gönükdirilýän goşantdyr diýip, O.Atabaýewa nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Myhman häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýtdy. Bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, rektor meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu ýerde tebigy dikeldiş bejergisiniň ippoterapiýa görnüşiniň ýola goýlandygyna ünsi çekdi.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugradylar. Merkeziň lukmanlary näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Bellenilişi ýaly, merkezde bejeriş işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şunda näsag çagalaryň saglygyny dikeltmekde häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlary, bedenterbiýe maşklarynyň döwrebap usullary utgaşykly ulanylýar.
Hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp görüp, bu ýerde alnyp barylýan işler, atçylyk sirkiniň özboluşlylygy, çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Soňra bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.
