||

23-nji aprelde Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda kompozitor Ýohannes Bramsyň döredijiligine bagyşlanan simfoniki saz konserti geçiriler.
Agşamky maksatnamada fortepiano we orkestr üçin 2-nji konsert, şeýle hem meşhur «Wenger tanslary» ýerine ýetiriler. Eserleri dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirer. Solist hökmünde pianinoçy Wladimir Mkrtumow çykyş eder.
Konsertiň başlanjak wagty 19:00-a meýilleşdirilýär. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu saz agşamy nusgawy saz muşdaklary bilen birlikde giň tomaşaçylar köpçüligi üçin hem gyzykly bolar.
Konsert üçin biletler eýýäm satuwa çykaryldy: 72-45-12 / 26-69-17 / (+99363)46-71-77.