
Türkmen-italýan dilaogy täze itergä eýe bolýar: 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi Martin Brukdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Rim şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamynda kesgitlenen ugruň logiki dowamy boldy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir syýasaty däl, eýsem strategik maýa goýumlaryny hem öz içine alyp, yzygiderli ösýändigini tassykladylar.
Martin Bruk öz işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Aşgabat bilen Rimi baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdiriljekdigine ynandyrdy.
Taraplar işewür toparlary ýakynlaşdyrmak boýunça amaly ädimlere aýratyn üns berdiler. Şeýle hem, iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny we duşuşyklaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.

Rimde üstünlikli geçirilip, şu günlerde tamamlanan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetli wakasy hökmünde ykrar edildi.
Ikitaraplaýyn gün tertibinden başga-da, Türkmenistan we Italiýa toplanan oňyn tejribä daýanyp, halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak meýillerini tassykladylar.