15-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasynyň çäginde plenar mejlis geçirildi, şeýle hem toý bagyny kesmek dabarasy boldy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynyň gazanan üstünlikleriniň sergisi hem-de medeni maksatnama bilen tanyşdylar.

Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow çykyş etdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory Durdymyrat Gadamow çykyş etdiler.

Çynar Rüstemowa öz çykyşynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady:
«Ýakyn geljekde sanly ylym, medeniýet, ekologiýa we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlarda ÝUNESKO bilen bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar».

Ol ÝUNESKO kafedralarynyň bilim we ylym ulgamyndaky ähmiýeti barada hem belläp geçdi:
«Kafedralaryň esasy maksady ylmy barlaglary ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr».
Aýratyn bellenilişi ýaly, täze kafedranyň açylmagy bu ugruň ösüşinde nobatdaky möhüm ädim boldy:
«Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Sanly ylym” atly üçünji ÝUNESKO kafedrasy açylýar».
Täze kafedranyň döredilmegi ylmy ugurda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly barlaglary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Kafedranyň işi täze nesil hünärmenleri taýýarlamakda we ylmy başlangyçlary halkara derejede öňe sürmekde möhüm platforma bolar.
