Waşingtonyň strategiýasy 11-nji apreldäki “X sagadyndan” soň düýpli özgerişlige sezewar boldy we Ormuz bogazyny güýç bilen açmak synanyşygyndan doly göwrümli deňiz gabawyna öwrüldi. Tähranyň Bogazyň açarlaryny söweşsiz bermek niýetiniň ýokdugyna göz ýetiren Donald Tramp, tussag etmeler we sora-ideg etme taktikasyna geçdi.
Indi “aýrybaşga şertnamalar” ulgamy arkaly bogazdan geçmäge milt eden her bir gämi, açyk ummanda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri üçin kanuny nyşana öwrülýär. Amerikan harby gämileri geleşikleriň kanunydygyny barlamak üçin tankerleriň öňüni kesýärler we nebit söwdasyny gorkuly lotereýa öwürýärler.
Ätiýaçlandyryş ägirtleriniň “arkadan urlan hanjar ýaly” ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdy. Olaryň arasynda Britaniýanyň “Lloyd’s” we beýleki bazar öňdebaryjylary Hindi ummanyndaky gämiler üçin ätiýaçlandyryş töleglerini gaty ýokary galdyrdylar. Bu bolsa, hatda harby töwekgelçilikleri hasaba almanyňda-da, deňiz ýoluny ykdysady taýdan manysyz ýagdaýa getirdi.
Nebit bazary bu deňiz duzagyna aljyraňňylygy bilen jogap berdi we Brent markaly nebitiň bahasyny 94–96 dollar aralygynda saklady, emma hakyky “gyzgynlyk” gaz pudagynda duýulýar.
Nebit entek ummanda çykalgalary tapmaga çalyşýan bolsa, suwuklandyrylan tebigy gaz dolylygy bilen geografiýanyň “ýesirine” öwrüldi. Netijede, şu duşenbe güni Ýewropada we Aziýada suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy müň kubmetr üçin 1100 dollardan ýokary galdy.
Bu ýagdaý gury ýer turbageçirijileriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyny aýdyň subut edýär. Tankerlerden tapawutlylykda, turbageçirijileri bitarap suwlarda saklap ýa-da uçar göterýän gämiler arkaly gabap bolmaýar. Şu günki günde Merkezi Aziýanyň gury ýer gazy diňe bir haryt däl, eýsem, Ýewraziýa yklymynyň galyň gatlaklary bilen goralan özygtyýarlylygyň we ýylylygyň şertidir.
Şu hepde-de maýa goýum akymlary öz ugruny çalt üýtgedip başlady we wirtual aktiwlerden “fiziki” gorag serişdelerine geçdi. Duşenbe güni agşam Nýu-Ýorkdaky söwdalarda altynyň bahasy ýene-de bir unsiýa üçin 2320 dollara ýetdi. Şol bir wagtda, deňiz üstaşyr geçelgeleri üçin “kripto-töleglerden” göwni geçenleriň täsiri bilen bitkoin sişenbe gününiň ertirine çenli 66 müň dollara çenli aşaklady.
Hytaý we Ýaponiýa ýaly iri oýunçylar indi Waşingtonyň gözegçiligindäki deňiz ýollarynyň howpsuzlygyna ynanmaýarlar we maýa goýumlaryny gury ýer infrastrukturasyny ösdürmäge gyssagly gönükdirip başladylar. Bu gürrüňlerde ýuan barha ynamly seslenýär we Trampyň “duzaklaryndan” sowa geçip, öndüriji bilen sarp edijini göni baglanyşdyrjak täze gury ýer taslamalary üçin hasaplaşyk birligine öwrülýär.
Ýewraziýa üstaşyr geçelgesiniň geljegi şu gün Aşgabat, Yslamabat we Pekin arasyndaky üçburçlukda kemala gelýär. TOPH-dan gelýän “mawy altynyň” çig mal binýadynda Pakistanyň kenarynda suwuklandyrylan tebigy gaz zawodyny gurmak baradaky entek amala aşmadyk pikir, haçan-da bolsa bir wagt “halas ediş taslamasy” derejesini alar.
Sişenbe güni ir bilen Aziýa biržalary saklanan edilen tankerler baradaky täze habarlaryň kölegesinde açyldy. Bu bolsa şu ýylyň ahyryna çenli garaşylýan Hyrat sepgidine we turbanyň Hindi ummanyna tarap dowam etjek ugruna bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Dünýä “durmuş ýolunyň” bogazlaryň şor suwlaryndan däl-de, energetika, seýrek duş gelýän elementler we ulag-logistika mümkinçilikleri bolan Merkezi Aziýa sebitiniň berk topragyndan geçýän döwrüne gadam basýar.
Merkezi Aziýadaky ýönekeý adam üçin bu, dünýä ummanyndaky Tramp bilen Tähranyň energiýany ählumumy jezalandyryş guralyna öwrüp, biri-birini oýundan çykarmak üçin gazaply göreş alyp barýan wagtynda, öz öýüniň “howpsuzlyk adasy” bolup galýandygyny aňladýar.
Şu ýerde biz gürrüňimize biraz arakesme berýäris – täze ýollaryň çagyryşy bizi iş saparyna alyp gidýär. Emma ýol kesilmeýär – 18–19-njy aprelde, häzirki hereketleriň tozany ýatandan soň, biz has giňişleýin syn bilen dolanyp geleris.
Hakyky seljerme, edil gowy içki ýaly, wagt geçmegi bilen kämilleşýär. Biz size diňe bir täzelikleri däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň ygtybarly gury ýer ugurlarynda kemala gelýän geljekki özgerişleriň asyl manysyny ýetireris.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
