Intel korporasiýasy TeraFab atly uly taslama resmi taýdan goşuldy. Bu hyzmatdaşlyk Intel-iň mümkinçiliklerini Ilon Maskyň tehnologiýa ägirtleri — SpaceX, xAI we Tesla kompaniýalary bilen birleşdirýär. Taslamanyň maksady — ýylda 1 terawatta çenli hasaplaýyş kuwwatyny öndürmäge ukyply öz ýarymgeçiriji önümçiligini döretmekdir.
Näme üçin TeraFab zerur?
Ilon Mask TeraFab taslamasynyň zerurlygyny häzirki zaman zawodlaryň onuň kompaniýalarynyň artýan isleglerini kanagatlandyryp bilmeýändigi bilen düşündirdi. Tesla elektromobiller we Optimus atly adamşekilli robotlar üçin çiplere uly mätäçlik çekýär, SpaceX bolsa hemralar we kosmos maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler üçin enjamlara zerurlyk duýýar.
Öz önümçiligi kompaniýalara daşarky üpjün edijilere bagly bolmazdan, emeli aň we robototehnika ugurlarynda täze tehnologiýalary tiz ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Taslamada Intel-iň orny
Intel Foundry bölüminiň gatnaşmagy taslamanyň tehniki taýdan durmuşa geçirilmeginde esasy orun eýeleýär. Intel şu aşakdaky işleri öz üstüne alýar:
• Mikroshemalaryň taslamalaşdyrylmagy we arhitekturasy;
• Çipleriň gönüden-göni öndürilmegi;
• Taýýar komponentleriň ýokary tehnologiýaly ýygnalmagy.
Gurluşygyň anyk möhletleri we tehnologiýa parametrleri entek mälim edilmedi, emma ilkinji TeraFab meýdançalarynyň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär.
Intel üçin bu hyzmatdaşlyk emeli aň çipleri bazarynda öz ornuny berkitmek we iň öňdebaryjy taslamalar üçin esasy önümçilik hyzmatdaşyna öwrülmek mümkinçiligidir. TeraFab taslamasynyň durmuşa geçirilmegi dünýä elektronika bazaryny düýpgöter üýtgedip, güýçli hasaplaýyş mümkinçiliklerine elýeterliligi has çalt we garaşsyz edip biler.
ORIENT
