2-nji aprelde Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdiriýeti ýurduň içinde işlenip düzülen wizualizasiýa üçin niýetlenen radioaktiw derman serişdesini — tehnesiý [99mTc] peksidotidi (99mTc 3PRGD2) tassyklady.
Tassyklama ileri tutulýan işlere seretmegiň çäginde berildi. Bu derman serişdesi lukmanlara öýken ragynyň limfa düwünlerine ýaýran metastazlaryny anyklamaga kömek eder.
Derman şeýle täsir edýär: ol çiş öýjüklerinde we çişiň täze dörän gan damarlarynda bar bolan αvβ3 integrin reseptorlary bilen birleşýär. Bu bolsa SPECT/CT wizuallaşdyrmak ulgamlary ulanylanda has takyk suratlary almaga mümkinçilik berýär. Serişde öýkeniň ilkinji çişlerini we döş kapasasyndaky metastazlary anyklamak hem-de bahalandyrmak üçin amatlydyr.
Tassyklanmazdan ozal, Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanasynyň ýolbaşçylygynda ýurduň ondan gowrak öňdebaryjy hassahanalarynda kliniki synaglar geçirildi. Barlaglara 11 hassahanadan 409 adam gatnaşdy. Netijeler täze dermanyň öýken ragynda metastazlary anyklamakdaky özboluşlylygynyň adaty PET/KT-den (pozitron-emission tomografiýasyndan/kompyuter tomografiýasyndan) ep-esli ýokarydygyny görkezdi. Has ýokary takyklyk hirurgiki operasiýalary has dogry meýilleşdirmäge kömek edýär.
NMPA-nyň Derman serişdelerini bahalandyryş merkeziniň 1-nji bölüminiň öňdebaryjy bilermeni Çžou Haohuýy bu derman serişdesiniň tassyklanylmagyny Hytaýyň ýadro lukmançylygy ugrundaky “noldan bire tarap öňegidişlik” diýip atlandyrdy. Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanasynyň ýadro lukmançylygy bölüminiň baş lukmany Çžu Çžaohuý hem serişdäniň ýokary özboluşlylygynyň kliniki hirurgiki bejergi işlerini has netijeli ugrukdyrmaga mümkinçilik berjekdigini tassyklady.
Täze dermanyň artykmaçlyklaryna (PET/KT bilen deňeşdirilende) has ýokary anyklaýyş takyklyk, OFEKT enjamlarynyň giňden elýeterliligi, taýýarlanyşynyň ýönekeýdigi (bu bolsa barlaglaryň gymmatyny peseldýär) we ýadro lukmançylygy ugrundaky anyklaýyşa elýeterliligiň gowulanmagy degişlidir.
Bilermenler bu derman serişdesiniň tassyklanylmagynyň çişleri anyklamakda, keseliň derejesini kesgitlemekde we bejerginiň barşyna gözegçilik etmekde SPECT wizualizasiýasynyň ulanylyşyny giňeltjekdigine ynanýarlar. Öňler bu ugurlarda PET wizualizasiýasy tehnologiýasy agdyklyk edýärdi.
Ýadro lukmançylygy — takyk lukmançylygynyň möhüm bölegi bolup, ol ragy hem-de ýürek-damar kesellerini anyklamakda we bejermekde esasy orun eýeleýär. «Frost and Sullivan» maslahat beriş kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň radiofarmasewtika bazarynyň göwrümi takmynan 26 milliard ýuana (takmynan 3,6 milliard dollara) ýeter, sebäbi has köp farmasewtik kompaniýalar bu geljegi uly bazara girýärler.
“Frost and Sullivan” maslahat beriş çäresiniň çonlamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň radiofarmasewtika bazarynyň göwrümi takmynan 26 milliard ýuana (takmynan 3,6 milliard dollara) ýeter, sebäbi has köp farmasewtik kompaniýalar bu geljegi uly bazara girýärler.