«Türkmengaz» döwlet konserni konserniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-019 belgili açyk tender yglan edýär. Tender 2026-njy ýylyň 8-nji apreli bilen 20-nji maýy aralygynda geçiriler.
Tenderiň lotlary:
Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar»;
Lot № 3 - « Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri»;
Lot № 5 - «Himiýa önümleri».
Gatnaşmak şertleri:
Tenderde diňe tender resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndürijiler gatnaşyp bilerler. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şeýle zolaklarda hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler:
• kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
• "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
• lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Tenderde gatnaşmagyň tölegi bir lot üçin 500 ABŞ dollary ýa-da onuň manatda ekwiwalenti bolup, bu tölege goşulan baha üçin salgyt (GBS) hem-de bank çykdajylary girmeýär.
Teklipleriň tabşyrylmagy:
Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Teklipler degişli möhür bilen berkidilen ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Bukjanyň içinde anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda) hem-de tehniki-ykdysady häsiýetnamasy (Excel formatda) bolmalydyr.
Habarlaşmak üçin:
E-poçta: info@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgiler: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
ORIENT
