Türkmenistan nebit önümleriniň daşary bazarlara iberilişini artdyrmagyny dowam etdirýär. 7-nji aprelde Owganystandan gelen telekeçiler ýurdumyzda öndürilen «ECO-93» kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Önümleriň satylyşy nebit önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen amala aşyrylýar. Ýangyjyň satuwy ýokary hil ölçeglerine hem-de halkara hyzmatdaşlaryň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu bolsa türkmen nebit önümleriniň daşary bazarlarda durnukly orun eýelemegini üpjün edýär.
ORIENT
