“Orion” gämisiniň Aýa tarap amala aşyran taryhy uçuşynyň fonunda CircuitMess kompaniýasy täze we täsin gajeti — Artemis Watch 2.0 sagatlaryny hödürledi. Bu sagatlar diňe “Artemis-2” missiýasyna bagyşlanman, eýsem ulanyja kosmos tehnologiýalarynyň doly hukukly işläp düzüjisi bolmaga mümkinçilik berýär.
Adaty “akylly” sagatlardan tapawutlylykda, Artemis Watch 2.0 doly açyk arhitekturany hödürleýär. Bu bolsa eýesine enjamyň koduny täzeden ýazmaga, täze mümkinçilikleri goşmaga ýa-da interfeýsi doly üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Ykjam korpusyň içinde professional robototehnikada giňden ulanylýan güýçli iki ýadroly ESP32 prosessory ýerleşdirilendir. Gajet birnäçe möhüm datçikler bilen üpjün edilendir:
• Hereketi yzarlamak üçin akselerometr we giroskop;
• Elektron kompas we temperatura datçigi;
• Reňkli LCD-ekran hem-de USB-C arkaly zarýad alýan batareýa.

Enjam Bluetooth arkaly iOS we Android ulgamlaryndaky smartfonlar bilen aňsat sinhronlaşýar, bu bolsa habarnamalary görkezmäge we maglumatlary hakyky wagt tertibinde dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Sagatlaryň esasy gymmaty — öwrenmek mümkinçiligidir. Ulanyjylar gajeti üç dürli usul bilen sazlap bilerler: ýönekeý wizual redaktordan (täze başlanlar üçin) başlap, Python we Arduino ýaly professional işläp taýýarlama gurşawlaryna çenli. Mysal üçin, öz siferblatyňy döretmekden başlap, nawigasiýa ýa-da fitnes-treker üçin çylşyrymly algoritmleri ýazmaga çenli ýetip bolýar.
Gajetiň esasy görnüşiniň bahasy 129 ABŞ dollarydyr. Kolleksionerler üçin goşmaça gaýyşlar toplumy bilen giňeldilen görnüşi 149 dollara hödürlenýär. Iň doly toplumy bolsa 399 dollar bolup, onuň içine diňe sagatlar däl, eýsem Perseverance marsda ýöreýän ulagyň jikme-jik modelini ýygnamak üçin konstruktor hem girýär.
Artemis Watch 2.0 — bu diňe bir aksessuar däl. Bu ýokary tehnologiýalary hemmeler üçin elýeterli we düşnükli edýän okuw guralydyr.
ORIENT
