Hytaýyň öňdebaryjy awtoulag toparlary mart aýynda daşary ýurtlardaky satuwlaryň rekord derejeleri barada habar berdiler.
BYD kompaniýasy mart aýynda daşary ýurtlarda 119 591 sany ýeňil awtoulag we pikap satandygyny habar berdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 65,2% köpdür.
“Chery Group” 148 777 awtoulag eksport edip, geçen ýyldaky görkezijiden 72% öňe geçdi we hytaý brendleri üçin bir aýyň dowamynda eksport etmek boýunça täze rekord goýdy.
“Changan Automobile” hem daşary ýurda 103 900-den gowrak ulagy ugradyp, taryhy rekordyna ýetdi, “Geely” bolsa 81 639 awtoulag eksport etdi, bu bolsa 120% derejedäki haýran galdyryjy ösüşdir. “Great Wall Motors”-yň daşary ýurtlardaky satuwy 47 142 birlige ýetip, umumy satuw mukdarynyň 44,4%-ini düzdi.
Şol bir wagtyň özünde, hytaý brendleri önümiň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak üçin halkara üpjünçiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şanhaýda köpmilletli awto komponent üpjünçisi özüniň täze, dördünji nesil köp funksiýaly kamerasyny görkezdi. Şu ýyl bu enjama birnäçe hytaý awtoulag brendlerinden gelýän sargytlar çalt artdy, sebäbi şeýle funksiýa halkara bazarlarynda şol sanda Ýewropada hem uly isleg bildirilýär.
“Ozal bu önümiň aýlyk önümçiligi 100 000-den 200 000 birlige çenli bolan bolsa, şu ýyl sargytlar aýda 250 000 birlikden geçdi. Ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerimizi Hytaýyň özünde ýerleşdirip hem-de dünýä bazaryny özleşdirmekde hytaý brendleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, biz öz artykmaçlyklarymyzy dünýäniň ähli ýurtlary bilen paýlaşýarys” — diýip, “Bosch Intelligent Driving Control China” kompaniýasynyň ýolbaşçysy U Ýunsýao aýtdy.
Tehnologik täzelikler bu eksport ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolmagynda galýar.
Hytaýyň gündogaryndaky Çzeszýan welaýatynyň Ninbo şäherinde “Geely” kompaniýasynyň “Qianli Haohan G-ASD” ady bilen tanalýan öňdebaryjy sürüjä kömek ulgamy ýakynda “UN R171” halkara şahadatnamasyna eýe boldy. Bu bolsa şeýle ulgam bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň her ýurtda aýratyn şahadatnama almaga zerurlyk bolmazdan, Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna päsgelçisiz çykyp biljekdigini aňladýar.
“Häzirki wagtda Hytaýyň awtoulag senagaty doly önümçilik zynjyryna, dünýäniň öňdebaryjy elektrikleşdiriş tehnologiýalaryna we akylly ulgamlaryna, şeýle hem çalt döwrebaplaşmak ukybyna eýedir. Bu bolsa bize dünýä bazarlaryna diňe bir önümleri däl, eýsem hytaý tehnologiýalaryny, standartlaryny we biznes modellerini hem eksport etmäge ynam berýär” — diýip, Hytaýyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Li Şaohua beýan etdi.