2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Hemişelik wekilhanalary çykyş etdiler.

Çäre ÝUNESKO-nyň kabul ediş zalynda geçirildi we baý medeni maksatnamany öz içine aldy. Onuň çäklerinde konsert, milli tagamlaryň dadyp görülmegi we tematiki sergi guraldy.
Türkmenistanyň sergi diwarynda el işi halylar, milli şaý-sepler we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän sowgatlyk önümler görkezildi. Şeýle hem myhmanlar üçin türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek guraldy.

Çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen äheňleri” estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarowyň ýolbaşçylygyndaky saz toparynyň çykyşy çekdi. Maksatnamada dutar we gyjak ýaly milli saz gurallarynyň ulanylmagynda ýerine ýetirilen eserler ýaňlandy. Sazandalaryň çykyşy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.


Medeni maksatnamanyň çäginde türkmen dizaýneri Göwher Pirgulyýewanyň, şeýle hem Azerbaýjandan we Täjigistandan dizaýnerleriň milli egin-eşikleriň gözelligini we köpdürlüligini görkezýän kolleksiýalarynyň görkezilişi geçirildi.
Çäräniň hormatly myhmany hökmünde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary jenap Eponi Kwaku Okwem-Boama gatnaşdy. Şeýle hem çärä Fransiýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalaryň, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky we Pariždäki akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçiligiň, diasporanyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Belläp geçmeli zat, 2016-njy ýylda Nowruz baýramy 13 döwletiň — Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki hödürnamasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
