Hytaýyň günorta-günbataryndaky daglyk sebitde ýerleşýän Guýçžou welaýaty, özüniň salkyn howasyndan, energiýa gorlarynyň köplüginden we durnukly geologik gurluşyndan peýdalanyp, uly göwerimli maglumat merkezlerini ýerleşdirmek arkaly, pes ösen sebitden ýurduň maglumatlary saklamak we hasaplama kuwwatlyklary boýunça öňdebaryjy merkezleriniň birine öwrüldi.
Çäkleriniň takmynan 92 göterimi daglar we baýyrlar bilen gurşalan Guýçžouda häzirki wagtda “Apple”, “Huawei” we “Tencent” ýaly dünýäniň tehnologiýa ägirtlerine hyzmat edýän 30-dan gowrak iri maglumat işleme merkezi ýerleşýär.
Maglumatlar sanly ykdysadyýetiň iň gymmatly serişdeleriniň birine öwrüldi we Hytaý sanly hyzmatlara bolan barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin zerur bolan infrastrukturany çalt giňeldýär.
Her bir barmak basyşynyň, hatyň we onlaýn-söwdanyň aňyrsynda maglumatlary saklaýan, işleýän we goraýan serwerleriň giň ulgamy durýar. Guýçžouda bolsa bu düzüm has uly göwrümlerde kemala gelýär.
«Amatly howa şertlerimiziň netijesinde, Guýçžouda gurlan maglumat işleme merkezleri ep-esli pes çykdajylar bilen işleýär. Guýçžou, aslynda, bu desgalar üçin durnukly temperaturany we sowatmagy üpjün edip, «tebigy sowadyjylar» wezipesini ýerine ýetirýär. Bu ýerde gyş hiç wagt aşa sowuk, tomus bolsa çydamsyz yssy bolmaýar, şonuň üçin ortaça ýyllyk temperatura 14-16 gradus töweregi saklanýar. Bu tebigy sowadyş serwerlerden ýylylygy aýyrmak üçin örän amatlydyr we energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar» — diýip, Guýçžou welaýatynyň Uly maglumatlary ösdürmek müdürliginiň direktorynyň orunbasary Sýan Býao aýtdy.
Guýçžoudaky esasy desgalaryň biri hem 10 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän «China Telecom» maglumat parkydyr. Guýçžoudaky «China Telecom» bulutly hasaplamalar maglumat parkynyň Hasaplama kuwwaty merkeziniň baş direktorynyň orunbasary Gu Weýiň sözlerine görä, park adaty hasaplamalardan adaty, superkompýuter we intellektual hasaplamalary özünde jemleýän bitewi maglumat işleme merkezine çenli kem-kemden kämilleşdi.
«Maglumat parky ilkinji tapgyrdaky ýönekeý serişde üpjünçisinden serişdeleri, hasaplama kuwwatlyklaryny, tehnologik täzeçillikleri we operasion hyzmatlary utgaşdyrýan toplumlaýyn hyzmat üpjünçisine öwrülmäge çalyşýar. Başgaça aýtsak, biz diňe bir serişdeleri satmaga esaslanýan modelden doly derejeli hasaplama hyzmatlaryny hödürleýän modele geçýäris» — diýip, ol belledi.
Guýçžou welaýatyndaky maglumat işleme merkezleri bulutly hasaplamalaryň, emeli aňyň, maliýe ulgamlarynyň, durmuş ulgamlarynyň we ylmy barlaglaryň işini üpjün etmek bilen, Hytaýyň sanly geljeginiň binýadyna öwrüldi.
«Biz ulag, saglygy goraýyş, kino önümçiligi, meteorologiýa, şeýle hem azyk we himiýa senagaty ýaly pudaklarda ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýduk» — diýip, Gu belledi.
Guýçžounyň özgerişi Silikon jülgesi bilen deňeşdirilýär we käbirleri ony indi Hytaýyň «Uly maglumatlar jülgesi» diýip atlandyrýarlar. Geljekde bu welaýat milli sanly infrastrukturadaky öz ornuny has-da berkitmegi maksat edinýär.
«15-nji bäşýyllygyň (2026–2030) başynda Guýçžou welaýaty “hasaplama kuwwatlyklaryny bermek, maglumatlary hödürlemek we amaly programmalarda öňdebaryjylyk etmek” ugrunda öz ornuny berkider. Strategik ugrumyzy saklamak bilen, biz anyk pudaklar üçin niýetlenen giň gerimli modellere aýratyn üns berip, emeli aň senagatyny işjeň ösdüreris. Hasaplama kuwwatlyklary we maglumatlary işlemek ulgamyndaky mümkinçiliklerimizi ulanyp, sanly tehnologiýalaryň hakyky ykdysadyýete çuňňur ornaşdyrylmagyna ýardam ederis» — diýip, Sýan aýtdy.
Ykdysady netije örän täsirli boldy. Guýçžounyň sanly ykdysadyýeti häzirki wagtda welaýatyň jemi içerki önüminiň üçden birinden gowragyny düzýär we ýedi ýyl yzygiderli Hytaýda sanly ykdysadyýetiň iň ýokary ösüş depginini görkezýär.
Resmileriň aýtmagyna görä, bir wagtlar çetleşdirilmegi bilen tapawutlanan bu sebit üçin bu ýagdaý sanly döwlete öwrülmegiň ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýar.