Hytaýyň gündogaryndaky Fusýan welaýatynyň irki tüwi öndürilýän esasy merkezi bolan Nanan şäherinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýazky sürüm işleriniň netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Bu ýyl sebitde 149 200 mu (takmynan 9 947 gektar) meýdanda irki tüwi ekmek üçin taýýarlyk görülýär.
Nanan şäheriniň Puli obasynda ýazky ekerançylyk işleriniň merkezinde nahallary ýetişdirmek durýar. Doly awtomatlaşdyrylan ekiş ugry tutuş amallary ýeňilleşdirýär.
Operatorlar nahal goýulýan gutulary konweýer lentasyna ýerleşdirýärler, maşyn bolsa awtomatiki usulda toprak düşeýär, suw sepeleýär, tohumy ekýär we üstüne toprak gatlagyny goşýar. Bir gutyny işläp taýýarlamak üçin 5 sekuntdan hem az wagt sarp edilýär.
Soňra bolsa işe nahallar üçin niýetlenen üç ölçegli sirkulýasiýa maşynlary goşulýar. Olar her bir nahalyň deň derejede yşyklandyrylmagyny we howanyň aýlanşygyny üpjün edýär — bu bolsa ýokumly maddalaryň we ýagtylygyň deň paýlanmagyna hem-de nahallaryň durnukly ösmegine kömek edýär. Şeýle hem, ulgam goşmaça yşyklandyryş üçin esasda ýerleşdirilen LED fitolampalary, awtomatiki suwarmak we dökünlemek üçin elektrik pürküjisi bilen enjamlaşdyrylandyrylan. Daşky gurşawyň ähli esasy görkezijileri — yşyklandyryş, temperatura we çyglylyk — integrirlenen ulgam arkaly akylly usulda dolandyrylýar.
Nanan oba hojalygy we oba işleri müdiriýetiniň Mehanizasiýany ösdürmek merkeziniň uly inženeri Huan Çunfu bu ýyl nahal ýetişdirmek üçin üç sany sirkulýasiýa enjamlar toplumynyň ornaşdyrylandygyny aýtdy. Her tapgyrda 8 müň sany nahal gutusyny ýetişdirip bolýar — bu bolsa takmynan 500 mu tüwi meýdanynyň zerurlygyny üpjün etmäge ýetýär.
Adaty usullar bilen deňeşdirilende, bu tehnologiýa ýeri tygşytlaýar ýagny nahal ýetişdirmek üçin ulanylýan meýdany takmynan 80 göterim azaltmak başartdy. Mundan başga-da, ösüş döwri gysgalýar: indi nahallaryň her tapgyry 15–20 günüň içinde oturtmaga taýýar bolýar — bu bolsa adaty usuldan takmynan bir hepde çalt diýmekdir.
Akylly tehnologiýalar Nanan şäherinde tüwi öndürmegiň ýene bir möhüm tapgyry bolan ýer sürümine taýýarlyk amallaryny hem özgerdýär. "Akylly" nahal ýetişdiriş merkeziniň golaýynda "BeiDou" nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar işleýär. Sürüjilere iş zolagyny kesgitlemek üçin diňe dört sany koordinatany girizmek ýeterlikdir — şondan soň traktor programmirlenen ugur boýunça awtomatiki usulda sürüm işlerini ýerine ýetirýär. Operatorlar maşynyň hereket edýän ugruna göni kabinadan hakyky wagt tertibinde gözegçilik edip bilýärler. Enjam ýokary takyklygy bilen tapawutlanýar ýagny her müň metre düşýän ýalňyşlyk 2,5 santimetrden hem azdyr.
Oba hojalyk ýerleriniň boýunda kämil meteorologik stansiýa gurnalan. Ol hakyky wagt tertibinde howanyň temperaturasyna, çyglylygyna we ýagtylygyň güýjüne gözegçilik edýär. Oňa topragyň çyglylygyna gözegçilik edýän enjam hem goşuldy — ol topragyň pH derejesi we beýleki görkezijileri baradaky maglumatlary iberýär. Bu desgalar bilelikde meýdanlary dolandyrmagyň integrirlenen "akylly" ulgamyny emele getirýärler. Onuň netijesinde oba hojalygyny has takyk we netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär.