Akylly tehnologiýalar Hytaýyň gündogaryndaky kömelek öndürijilere önümçilik göwrümini artdyrmaga ýardam berýär. Ýörite şertleriň döredilmeginiň netijesinde, ozal bu sebitde ösdürip ýetişdirip bolmaýan görnüşleri hem goşmak bilen, ýylyň bütin dowamynda kömelek ýetişdirmek mümkinçiligine eýe boldy.
Szýuçžou şäherinde (Çžesýan welaýaty) ýapyk görnüşli wertikal kömelek fermalary işleýär. Olar dürli kömelek görnüşleri üçin zerur bolan durnukly temperaturany, çyglylygy we pes ýagtylyk derejesini üpjün edýärler. Bu tehnologiýa Hytaýda örän meşhur bolan inçe we uzyn “enoki” kömelekleriniň ýyllyk hasylyny ep-esli ýokarlandyrdy.
“Zhejiang Junyuan Biotechnology Company Limited” kompaniýasynyň tehnigi Sýun Housýan öňdebaryjy sanly enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň önümçiligi ýylboýy dowam etdirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy. “Enoki” kömelekleriniň ýyllyk önümçilik göwrümi 20 müň tonnadan geçdi.
Innowasiýalar Çžeszýan welaýatynda adaty howa şertlerinde açyk meýdanda ösmeýän kömelek görnüşlerini ýetişdirmäge ýol açdy. Mysal üçin, Hytaýda ak kömelekler adatça günorta-günbatar Ýunnan welaýatynyň belentliklerinde möwsümleýin ýetişýär. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Çžeszýandaky kompaniýalar häzirki wagtda bu altyn öwüşginli we semiz görnüşi üstünlikli ösdürip ýetişdirýärler.
Bu üstünlikler netijesinde, Sýuçjouda iýilýän kömelekleriň ýyllyk önümçilik göwrümi ýylyň ahyryna ýyla çenli 49 100 tonna ýeter.