2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Parižiň «Théâtre de l’Opprimé» teatrynyň konsert zalynda "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" atly 2026-njy ýylyň şygaryna, şeýle hem Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni-sazly çäre geçirildi.

Çäräniň guramaçylary «Destan» medeni birleşigi bolup, ol «Théâtre de l’Opprimé» teatry bilen hyzmatdaşlykda we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň goldawy bilen geçirildi. Çärä medeniýet we sungat wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gyzyklanma bildiren Parižiň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Iki bölümden ybarat bolan döredijilik agşamynyň maksatnamasy türkmen halkynyň baý aýdym-saz däplerini tanyşdyrmaga, şeýle hem medeniýetara gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň berkidilmegine gönükdirildi. Maksatnamanyň birinji bölüminde bagşyçylyk sungatynyň nusgalary ýerine ýetirildi.

Edebi we liriki türkmen eserlerine esaslanan kompozisiýalar dutar, gyjak, gargy tüýdük, dilli tüýdük we gopuz ýaly milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Ikinji bölüm milli saz gurallarynyň tanyşdyrylmagyna we sazandalar bilen döredijilik gepleşigine bagyşlandy. Myhmanlar türkmen medeniýetinde sazandanyň kemala geliş ýoly barada maglumat alyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.

Aýratyn üns aýdym-saz däpleriniň dowamlylygyna berildi, sebäbi wekiliýetiň agzalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary hem bolup durýar. Çäräniň ahyrynda halylar, amaly-haşam sungatynyň önümleri we milli saz gurallary görkezilen sergi guraldy.

Çäre mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirilip, medeni alyş-çalyşyň ajaýyp nusgasy boldy hem-de halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemegine ýardam berdi. Türkmenistanyň medeniýet ussatlarynyň sazly çykyşlary dowam edýär.

