Hytaýyň adamşekilli robotlar senagaty tehnologiki innowasiýalardan ýuwaş-ýuwaşdan giň täjirçilik maksatly ulanyşa geçýär. Bu öňegidişligiň esasy şerti robotlaryň «beýnisiniň» kämilleşdirilmegi, ýagny algoritmleriň çylşyrymlaşmagy boldy.
«Görüş – Dil – Hereket» modeline laýyklykda robotlar bitewi we yzygiderli binýada eýe bolýarlar. Bu binýat robotyň görüş arkaly kabul edişinden başlap, çylşyrymly bogunlarynyň işine çenli ähli hereketlerini takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Netijede, adamşekilli robotlar uzak wagta çekýän çylşyrymly we yzygiderli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply bolýarlar. Mysal üçin, olar düşekleri ýazyp we düzedip bilýärler. Pekinde «Spirit AI» startapy öz robotlaryna öýkünmek usuly arkaly tälim berýär. Mysal üçin, gyzgyn çorba üçin önümleri taýýarlanlarynda, maşynlar edil adamyň taýýarlaýşy ýaly, azyk önümlerini gaplara ýa-da beýleki gap-gaçlara seresaplylyk bilen salmagy öwrenýärler. Robotlar ýörite dakylýan enjamlary ulanýan işgäriň hereketlerini gaýtalaýarlar. Şençžen şäherinde bolsa robotlar öý hojalykçy gelin-gyzlara kömek edýärler. Tälim beriş tapgyrynda olaryň esasy wezipesi — myhmanhanadaky we naharhanadaky ownuk-uşak zatlary tertipleşdirmäge hem-de zibilleri ýygnamaga kömek etmekdir.
Şençženli «X Square Robot» startapynyň inženeri Hu Bowen robotlaryň ulanylan zatlary — çüýşeleri, bankalary we desmallary aýryp, zibil gutularyna taşlap bilýändiklerini düşündirdi. Öý işlerini ýerine ýetirmek bilen, maşynlar yzygiderli türgenleşýärler, bu bolsa olaryň modellerini kämilleşdirýär we algoritmlerini has-da güýçlendirýär. Wagtyň geçmegi bilen robotlar wezipeleri has gowy berjaý etmegi öwrenerler.
Supermarketlerde harytlary saýhallap goýýan robotlar önümleriň ýerleşýän ýerini bilmeli, olar baradaky maglumatlary ulgama girizmeli we zatlary tutup saklamak ukyplaryny yzygiderli türgenleşdirmeli. «Zerith Robotics» kompaniýasynyň algoritmler bölüminiň ýolbaşçysy Pan Gopin kompaniýanyň öňünden taýýarlanylan modeliniň bardygyny aýtdy. Käbir harytlar üçin ýarym sagat içinde 20-ä golaý maglumat birligini toplamak ýeterlik bolýar.
Hünärmenler modeliň meňzeşlik esasynda netije çykarmagy öwrenjekdigine umyt edýärler. Mysal üçin, eger gürrüň ýeralma çipsileri barada barýan bolsa, ulgam şol maglumatlary bu önümiň ähli görnüşlerine umumylaşdyryp biler. Umumylaşdyrmagyň şeýle derejesine maglumatlaryň seljermesine we uly göwrümli modele esaslanýan usullaryň saýasynda ýetmek başartdy.
«Zerith Robotics» kompaniýasynyň brend-menejeri Ýan Weý kämil emeli aňyň ösmegi üçin bäş ýyldan on ýyla çenli wagtyň gerek bolup biljekdigini goşdy. Bu wagtyň dowamynda robotlar adamyňky bilen deňleşip biljek köp ölçegli ukyplara eýe bolarlar. Emma pudagyň işjeň ösmegi eýýäm häzirki wagtda täjirçilik maksatly ulanyşda böküşleri amala aşyrmaga we şeýle wezipeler üçin ýapyk ulgamlary döretmäge kömek edýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýakyn bir-iki ýylyň içinde adamşekilli robotlary ulanmagyň täzeçil mysallary peýda bolar.