Ýaponiýanyň iri kompaniýalary — Hitachi we Mitsui OSK Lines (MOL) emeli aňyň ösüşi üçin adaty däl çözgüt tapdy. 2027-nji ýyla çenli olar ulanylan deňiz awtoulag daşaýjy gämilerini ykjam maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerine öwürmegi meýilleşdirýärler.
Bu ädimiň esasy sebäbi — serwer kuwwatyna bolan islegiň çalt artmagydyr. Häzirki wagtda ýer ýüzündäki maglumat merkezlerini gurmak gymmat ýerleriň we sowadyş ulgamlary üçin suwuň ýetmezçiligi sebäpli barha kynlaşýar.
Ýüzýän maglumat merkezleri deňiz suwuny ulanmak arkaly bu meseleleri çözýär. Bu usul adaty çözgütler bilen deňeşdirilende has arzan we ekologiýa taýdan has amatlydyr. Şeýle gämileriň biriniň palubasynyň meýdany 54 000 inedördül metre ýetýär, bu bolsa gury ýerde ýerleşýän iň uly desgalar bilen deňdir.
Mobillik serwerleri islege baglylykda dünýäniň islendik ýerine tiz geçirmek mümkinçiligini berýär. Taslama üstünlikli bolsa, ol täze dünýä pudagynyň — deňiz flotuna esaslanýan ykjam bulut tehnologiýalarynyň — başlangyjy bolup biler.
ORIENT
