Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynda (2026–2030) esasy ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenen sanly we intellektual özgertmeler, ýurduň önümçilik keşbini düýpli özgertýär we önümçilik netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Hytaýyň gündogaryndaky Szýansy welaýatynda ýerleşýän agyr tehnikalaryň öňdebaryjy öndürijisi bolan “Xuzhou Construction Machinery Group” (XCMG) kompaniýasynda emeli aň tehnologiýasy önümçiligiň bäş sany esasy tapgyrynda bar bolan 38 ssenariýanyň 25-sine ornaşdyryldy. Bu işde 35 sany akylly modelden peýdalanyldy.
Kompaniýanyň intellektual önümçilik ylmy-barlag merkezinde hünärmenler önümçiligiň barşyna hakyky wagt tertibinde uzakdan gözegçilik etmek üçin sanly ekizler tehnologiýasyndan peýdalanyp bilýärler. Sanlylaşdyrmakdan sanly we intellektual özgertmelere geçilmegi netijesinde, XCMG-niň umumy önümçilik netijeliligi takmynan 30 göterim ýokarlandy.
«Programma ýerindäki robota iberilen dessine, ol meniň programmam arkaly önümçilik işine başlap bilýär» — diýip, XCMG-niň ýük göteriji enjamlar bölüminiň Intellektual önümçilik institutynyň tehnolog-inženeri Çžao Men aýtdy.
Şeýle-de, XCMG kompaniýasy kranlaryň önümçiligi üçin täze intellektual kebşirleme modelini işläp düzýär.
Bu model sanly ekizler, 3D görüş we emeli aňa esaslanýan ters tarapyna modelirleme ýaly öňdebaryjy sanly tehnologiýalary özünde birleşdirýär. Onuň 2027-nji ýylda doly ulanmaga berilmegine we bar bolan önümçilik usullaryny düýpli üýtgetmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda Hytaý metallurgiýa, nebiti gaýtadan işlemek, awtomobil gurluşygy we elektronika ýaly pudaklary öz içine alýan XCMG ýaly 15 sany synag «akylly» zawodyny ösdürýär. Bu zawodlar degişli pudaklarda işleýän 1300-den gowrak kärhananyň bilelikde döwrebaplaşmagyna ýardam berdi. 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň dowamynda Hytaý şular ýaly öňdebaryjy zawodlaryň ýene onlarçasyny gurmagy meýilleşdirýär.
«14-nji bäşýyllyk döwründe (2021-2025) Hytaý “akylly” zawodlaryň gurluşygynda tapgyrlaýyn öňegidişlikleri gazandy. 15-nji bäşýyllykda bolsa esasy üns gerimi giňeltmäge, hili ýokarlandyrmaga we bäsdeşlik artykmaçlyklaryny berkitmäge, şeýle-de dürli senagat pudaklarynda intellektual önümçiligi has giňden ulanmak üçin berk binýat döretmäge gönükdiriler. 15-nji bäşýyllyk döwri gaýtadan işleýän senagatyň sanly we intellektual özgertmeleri çaltlandyrmak üçin örän möhüm tapgyr bolar» — diýip, Hytaýyň maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary akademiýasynyň wise-prezidenti Ao Li aýtdy.