Aşgabatda 11-nji aprelde Ýewropa gününe bagyşlanyp, «Dostluk ganatlary: ÝB × Türkmenistan» atly inklýuziw ylgamak çäresi geçiriler. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher Häkimligi bilen bilelikde, Run-Rush jemgyýetçilik hereketiniň goldawynda gurnalar.
Gatnaşmak we hasaba alnyş
Çäre isleg bildirilýänleriň hemmesi üçin açyk — taýýarlykly türgenler hem-de işjeň dynç alyşy gowy görýän höwesjeňler üçin.
Hasaba alnyş (diňe ofline):
Seneler: 2026-njy ýylyň 7–8-nji apreli
Wagty: 16:00–20:00
Ýerler: Hiroo Aşgabat (9-njy etrapça), Weterinar dükany (Magtymguly şaýoly, 150)
Resminamalar: Hasaba alnanda şahsyýeti tassyklaýan resminama görkezilmeli.
Çäraniň senesi we wagty
Sene: 2026-njy ýylyň 11-nji apreli
Başlanýan wagty: 08:00
Geçirilýän ýeri: Garaşsyzlyk seýilgähi, Aşgabat
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gatnaşmagy
16 ýaşa çenli çagalar diňe 2 km aralyga goýberilýär. Gatnaşmak ýanynda diňe ene-atanyň ýa-da kanuny wekiliň bolmagy bilen mümkin.
Aralyklar we maksatnama
Inklýuziw aralyklar: 2 km, 5 km, 10 km
Ähli ýaşdaky gatnaşyjylar üçin baýraklar we goşmaça sport çäreleri göz öňünde tutulýar.
Maksady we ähmiýeti
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, «Dostluk ganatlary» çäresi sport maksatnamasyny jemgyýetçilik baglanyşyklaryny berkitmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek wezipeleri bilen birleşdirýär.
Çäre şäher durmuşynda adamlary, pikirleri we energiýany dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda birleşdiriji möhüm waka bolar.
Habarlaşmak üçin
Gatnaşmak we goşmaça maglumat üçin:
DELEGATION-TURKMENISTAN-EVENTS@eeas.europa.eu
ORIENT
