
2-nji aprelde Azerbaýjanyň paýtagty Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet wekiliýetleri bir ýere jemledi. Agza we synçy döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen ikinji duşuşyk sebitiň 2040-njy ýyla çenli täze ykdysady nusgasynyň esaslaryny kesgitledi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem gatnaşdy.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdylar. Prezident Ilham Aliýewiň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda türki döwletleriň agzybirliginiň berkidilmegi — bu diňe bir medeni ýakynlyk meselesi däl-de, eýsem geosyýasy zerurlykdyr. Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde — Hazarüsti geçelgesi boldy. Bu ugra Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän esasy damar hökmünde garalýar.

Forumda çykyş edip Nökörguly Atagulyýew Türkmenistanyň TDG-ni anyk taslamalary amala aşyrmak üçin meýdança hökmünde görýändigini nygtady.
Ulag gatnaşygy: Aşgabat «Lazurit» (Lapis Lazuli) we «Gündogar-Günbatar» geçelgeleriniň strategik ileri tutulýan ugurlardygyny tassyklady.
Energetika bileleşigi: Ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmagyň we uglewodorod serişdeleriniň iberilişiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.
Ählumumy dialog: Türkmenistan islendik sebitleýin ýakynlaşma üçin BMG-niň we halkara hukugynyň binýatlaýyn ornuny ýene bir gezek nygtady.

Duşuşygyň netijesi boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama geljege tarap hakyky «ýol kartasyna» öwrüldi. Gazagystanyň 2026-nji ýylda Türküstanda Emeli aň boýunça sammit geçirmek baradaky başlangyjy goldanyldy. «Ýaşyl energetika geçelgesini» goldamak we parahatçylykly atom energiýasyny öwrenmek barada beýan edildi. Gatnaşyjylar ýokary tehnologiýaly önümçilik üçin zerur bolan möhüm minerallaryň gorlaryny bilelikde öwrenmek barada ylalaşdylar. TDG-niň kosmos tehnologiýalary we hemra aragatnaşygy ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmegi meýilleşdirýär.

Bakudaky şu günki duşuşyk TDG-niň medeni-ynsanperwer forumyndan kuwwatly ykdysady ugra gutarnykly öwrülendigini görkezdi. Türkmenistan bu guramada synçy derejesini saklamak bilen, hakykat ýüzünde bu täze hakykatyň esasy binýatçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär we öz çägini hem-de infrastrukturasyny (Türkmenbaşy halkara deňiz porty, gazy gaýtadan işleýän zawodlary, ulag ulgamlary) tutuş türki dünýäsiniň zerurlyklary üçin hödürleýär.
