Çarşenbe güni, 1-nji aprelde, Türkmenistanyň telekeçileri Türkiýeli hyzmatdaşlary bilen we ýurduň içinde birnäçe söwda ylalaşyklary baglaşdylar.
Daşarky bazarda türk hyzmatdaşlary ýerli öndürijilerden nah ýüplügini satyn aldylar, içerki bazarda bolsa kärhanalar “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi bilen birinji sort bugdaý ununy üpjün etmek boýunça geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da, Dokma senagaty ministrligi ýerli telekeçilerden dokma önümlerini satyn aldylar.
Umumylykda, bahasy 31 mln manat we 104 ABŞ dollaryndan gowrak bolan birnäçe şertnamalar resmileşdirildi. Munuň özi Türkmenistanyň önümlerine artýan gyzyklanmany hem-de ýurduň içinde we daşynda işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny görkezýär.
ORIENT
