
Türkmenistanyň Bilim ministrligi UNICEF bilen bilelikde synag inklýuziw bilim maksatnamasynyň çäginde ene-atalary goldamak boýunça giň gerimli başlangyjynyň jemlerini jemledi. Taslama aýratyn zerurlyklara mätäç bolan çagalaryň jemgyýet tarapayndan kabul edilmeginiň açyk dialogdan we maşgalalara professional kömekden başlanýandygyny görkezdi.
Bäş hepdäniň dowamynda 100-den gowrak ene-ata çagalar baglarynyň binýadynda döredilen interaktiw sessiýalara gatnaşdylar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň psihologiki özgertmelerini esasy üstünlik hökmüde görkezýärler. Ýoluň başynda dürli mümkinçilikleri bolan çagalaryň bilelikde bilim almak babatda köpsünde aladalar döreden bolsa, maksatnamanyň ahyrynda her bir çaga üçin adaptiw gurşawy döretmek ileri tutulýan ugra öwrüldi.

Ene-atalar köplenç hünärmenlere maslahat üçin ýüz tutup, irki ösüş meselelerini açyk maslahatlaşmaga hem-de “oňyn enelik we atalyk” babatdaky şahsy tejribeleri bilen paýlaşmaga başladylar. Şahsy duşuşyklar bilen birlikde, sosial ulgamlarda 22000-den gowrak adamyny öz içine alan umumymilli çäre ýaýbaňlandyryldy.
Maşgalalaryň şahsy hekaýalary, ekseprtleriň pikrileri we maýyplygy bolan adamlaryň tejribesi köpçüligiň uly seslenmesine eýe boldy. Onlaýn-maslahatlaşmalar jemgyýetiň inklýuziwlige bolan islegini tassyklady: ulanyjylar işjeň ýagdaýda maslahatlaryny paýlaşdylar, goldaw berdiler we tutuş ýurt boýunça şeýle hyzmatlaryň giňeldilmegine çagyrdylar.

“Maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterli we inklýuziw mekdepler” atly taslamanyň bölegi bolan bu başlangyç, utgaşdyrylan çemeleşmäniň ýaşaýşa ukyplylygyny görkezdi. “Janly” treningleriň we giň media aragatnaşygyň sazlaşygy diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik ýörelgelerini üýtgedip başlamaga mümkinçilik berdi.
Şahsy aýratynlyklaryna garamazdan her bir çaganyň jemgyýet durmuşynyň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde duýup bilýän gurşawyň döredilmegi ýurdumyzyň bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.
