Bu ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan «Ýaş zehin» atly sazçylyk mekdepleriniň uçurymlarynyň her ýylky umumymilli bäsleşigi täzelenen we örän dinamiki görnüşde geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 139 ýaş sazanda gatnaşdy. Gatnaşyjylar fortepiano, kirişli saz gurallary, halk saz gurallary, milli saz gurallary, bagşyçylyk, horeografiýa, wokal, urgy saz gurallary we üflenilýän saz gurallary boýunça bäsleşdiler.
Bu ýylyň esasy aýratynlygy gibrid gatnaşmak görnüşi boldy. Welaýatlardaky gatnaşyjylar öz çykyşlaryny wideo arkaly iberip, ussatlyklaryny uzak aralykdan görkezdiler. Elbetde, bu amatly: öý şertleri, tanyş saz guraly we birnäçe gezek gaýtadan ýerine ýetirmek mümkinçiligi bar. Emma Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan bolan gatnaşyjylar üçin has kyn şertler boldy — olar göni sahnada çykyş etdiler.

Sahnada hut şol pursatda, eminler toparynyň öňünde çykyş etmek uly synagdyr. Seni konserwatoriýanyň we sazçylyk mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlary synlap otyrka, ýalňyşmaga ýol ýok. Diňe sen we saz. Hut şeýle pursatlarda, tolgunma iň ýokary derejesine ýetende, hakyky sungat ussatlygy ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu bäsleşige belli medeniýet işgärleriniň we sahna ussatlarynyň emin hökmünde gatnaşmagy aýratyn ähmiýet berdi. Olaryň arasynda Tahyr Ataýew, Gülnara Babaýewa, Muhammetmyrat Gapurow, Serdar Baýramow we beýlekiler bardy.

Synag ilkinji tapgyrdan başlandy. Çykyşlaryň tertibi bije çekmek arkaly kesgitlenildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar ýokary derejeli tehniki taýýarlygyny görkezmeli boldular — olar çylşyrymly etýudlary we polifoniki eserleri ýerine ýetirdiler. Ikinji tapgyrda talaplar has-da ýokarlandy, maksatnama bolsa has çuňlaşdy. Sahnadan türkmen kompozitorlarynyň eserleri, ýewropa awtorlarynyň sazlary we uly göwrümli sonatalar ýaňlandy.
— Bu ýyl men 1-nji sazçylyk mekdebini tamamlaýaryn, — diýip, fortepiano ugrunda ýeňiji Tylly Şirowa paýlaşýar. — Duýgularym garyşyk: hem gynançly, hem şatlykly. Öz mekdebimi we mugallymlarymy örän küýsärin. Bäsleşik üçin maksatnamany mugallymym Larisa Illarionowna Orazmämmedowa bilen bilelikde taýýarladyk. Bethoweniň «Patetik sonatasy», Şopeniň noktýurny, Halmämmedowyň «Dutaryň owazlary» we Bahyň polifoniýasy ýaly çuňňur we çylşyrymly eserleri ýerine ýetirmek ynamy üçin minnetdar. Mugallymlarymyza diňe ussatlyk däl, eýsem ýüregini hem bagyş edendikleri üçin sag bolsun aýdýaryn.

— Beýik Şükür bagşynyň döredijilik ýoly meniň üçin hemişe nusga boldy, — diýip, Ahalyň sazçylyk mekdebiniň okuwçysy, «Milli saz gurallary» ugrunda baýrakly ornuň eýesi Gurbandurdyýew Guwançgeldi belleýär.
— Hut ol meni çagalykda sazçylyk mekdebine gitmäge ruhlandyrdy. Ine, okuw hem tamamlanýar — wagt örän çalt geçdi!
— Bu bäsleşik meniň üçin tejribe alyşmak we mümkinçiliklerimi görkezmek üçin ajaýyp pursat boldy, — diýip, skripka ugrunda ýeňiji Aida Mämmedowa (Aşgabat şäheriniň 3-nji sazçylyk mekdebi) aýdýar. — Bu ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinden köp güýçli gatnaşyjylaryň bolmagy aýratyn ýakymly boldy. Köpüsi bilen dostlaşdyk.

— Öz çykyşym üçin biz mugallymym bilen Halmämmedowyň aýdymyny saýladyk, — diýip, wokal ugrunda ýeňiji Jumayewa Şirin belleýär. — Taýýarlyk köp wagt aldy. Mekdepden soň täze aýdymlaryň sözlerini öwrenmek, wokal we dem alyş maşklary bilen meşgullanmak gerekdi. Ene-atam meniň üçin köp alada etdi.
Bu zehinler baýramy gala-konsert bilen jemlendi. Onuň maksatnamasyna diňe iň täsirli we ýatda galyjy çykyşlar girizildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň täze nesil zehinli sazandalarynyň ösüp gelýändigini tassyklaýar. Çykyşlar we berk emin bahalandyrmasy arkaly ýaşlar uly tejribe topladylar, bu bolsa olaryň sungatyň uly dünýäsine gadam basmagy üçin güýçli başlangyç bolar.
Aýna Ýolbarsowa
