ORIENTIR | 2-nji aprel. 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde, penşenbe güni gijesi, dünýäniň söwda meýdançalary dartgynly garaşmak ýagdaýynda dymyp galdy. Pars aýlagynyň suw giňişliklerindäki durnuksyz asudalyk ýygnanan gapma-garşylyklaryň diňe bir çuňlugyny görkezdi.
Golaýda nebit fýuçersleri boýunça söwdalar dürli ugurly tamamlandy. Nýu-Ýork haryt biržasynda maý aýynda ugradylmaly “West Texas Intermediate” nebitiniň bahasy bir ýarym dollar arzanlap, bir barreli 101,38 dollara deň boldy. Şol bir wagtda Londonyň “ICE” biržasynda “Brent” markaly nebitiň bahasy mehli 5 göterim ýokarlanyp, bir barreli üçin 118,35 dollara ýetdi.
Hepdäniň başyndaky duýdansyz ýokarlanmadan soň, Brent nebitiniň bahasy 115–116 dollar töweregi durnuklaşdy. Emma bu wagtlaýyn ýagdaýy durnuklaşma hökmünde kabul etmeli däl – söwda meýdançalary diňe täze oýun düzgünlerine düşünmäge synanyşyp, sähelçe arakesme aldylar.
Bir tarapdan, Tähran ministr Mohsen Paknejadyň üsti bilen eksport edilýän nebit tapgyrlaryna berilýän ýeňillikleri düýpli azaltdy we bu ýagdaý alyjylary arzan ýangyç tamasyndan mahrum etdi. Beýleki tarapdan bolsa, durnuklylygyň ýeke-täk hakyky kepili ABŞ-nyň Daşary ýurt aktiwlerine gözegçilik edýän müdirliginiň Russiýanyň nebitiniň Gazagystanyň çägi arkaly Hytaýa üstaşyr geçirilmegi baradaky ygtyýarnamasynyň möhledini 2027-nji ýylyň 19-njy martyna çenli uzaltmak baradaky karary boldy.
Bu ädim, bogazlardaky “ýagyna” garamazdan, gury ýer üsti ýollarynyň eldegirilmesizdigini ýene bir gezek tassyklap, Aziýa bazarlaryny köşeşdirdi!
Pars aýlagyndaky häzirki krizis döwrebap siwilizasiýanyň göni manyda uglewodorodlary gaýtadan işlemekden alynýan önümlere baglydygyny aýdyň görkezdi. Dermanhanalaryň ammarlary bilen ekin meýdanlarynyň arasyndaky nebit-himiýa pudagyndaky islendik üýtgeşme her bir öýde bada-bat duýulýar. Bu indi diňe bir awtoulagda gymmat syýahat etmek meselesi däl-de, eýsem ýaşaýyş esaslaryna urulýan göni zarbadyr.
Hat-da wirtual dünýäde-de gutulyş ýok. Köpler tarapyndan “nebit dünýäsine” alternatiwa hökmünde görülýän kriptowalýutalar hem umumy dowulynyň aýnasy ýaly hereket edýärler, bitkoin bolsa Aýlagdan gelýän her bir habar bilen sarsynlygy başdan geçirýär.
Hindistanyň we ABŞ-nyň iri derman kärhanalary eýýäm häzirki wagtda esasy antibiotikleri we gyzgyny düşürýän dermanlary öndürmek üçin zerur bolan komponentleriň örän gytalýandygy barada duýdyryş berýärler. Nebitiň bahasynyň aşa gymmatlamagy ony durmuşy ähmiýetli dermanlara öwürmegi kynlaşdyrýar, bu bolsa logistiki gabawyň şertinde dünýä saglygy goraýyş ulgamyny çykyşsyz ýagdaýa salýar.
Ählumumy bazarlar wirtual indeksler sebäpli sarsýan wagty, Günbataryň agrohimiýa korporasiýalary bolsa gazyň bahasynyň gaty ýokarylygy sebäpli önümçiligini wagtlaýyn saklaýan pursadynda, Türkmenistanyň senagat ägirtleri tebigy gazy anyk azyk howpsuzlygyna öwürýärler.
Ýylda bir million tonnadan gowrak karbamid öndürmäge ukyply bolan “Garabogazkarbamid” zawody, öz çig mal binýadyna daýanyp, bökdençsiz işleýär. Marydaky önümçilik toplumy bolsa bu mukdary ýüzlerçe müň tonna azot dökünleri bilen doldurýar. Bu bolsa döwlete diňe bir içerki islegleri kanagatlandyrmaga däl, eýsem sebitdäki ähli ýurtlaryň sarp edişine deň bolan önümi eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.
Deňiz ýollarynyň ýapylan şertlerinde, türkmen önümleriniň göni demir ýol arkaly ugradylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň ekerançylary üçin ýazky ekiş döwründe hakyky “ýaşaýyş ýoluna” öwrülýär. Bu bolsa hiç hili sanly kodlaryň öýlerdäki hakyky ýylylygyň, meýdanlardaky dökünleriň we dermanhanalardaky zerur dermanlaryň ornuny tutup bilmejekdigini aýdyň subut edýär.
Soňky 48 sagadyň içinde dünýä ritorikasy gaty ýitileşdi. Donald Tramp tankerleri düşürmek üçin berlen wagtlaýyn rugsatnamalaryň möhlediniň tamamlanyp barýandygyny we Waşingtonyň agalyk etmek strategiýasyna geçmäge taýýardygyny açyk mälim edýär. Muňa jogap edip, Moskwa we Pekin fiziki taýdan daşyndan kesip bolmajak gury ýer üsti geçelgelerine esasy ünsi gönükdirýärler.
Şu günlerde hemme üns 11-nji aprele — Waşingtonyň Russiýa nebitini daşaýan tankerlere beren wagtlaýyn rugsatnamasynyň tamamlanýan gününe gönükdirilen. Ondan soň bolsa 13-nji aprelde “gara duşenbe” gelip biler: eger ABŞ nebit boýunça ýeňillikleri uzaltmasa, analitikler Brent nebitiniň bahasynyň 135–150 dollara çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar.
Häzirki wagtlaýyn durnuklylyk — bu hakykat pursadydyr. Dünýä sanly indeksleriň çig mal ýetmezçiliginiň öňünde ejizdigine düşündi. Bu günki hakyky güýç işleýän zawodlaryň we ygtybarly turba geçirijileriň barlygy bilen ölçelýär.
Dünýä Londondaky bahalar barada jedel edip biler, ýöne Ýewraziýanyň ertirki güni şu ýerde — Merkezi Aziýanyň ygtybarly gury ýer ýollarynda we işleýän kärhanalarynda üpjün edilýär. Bu ahlumumy oýunda artykmaçlyk, öz gazylyp alynýan baýlyklaryny parahatçylygyň we döredijiligiň guralyna öwrüp, sebitiň hakyky durnuklylygyny üpjün edýänleriň tarapyndadyr.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
