ORIENT | Tehnologiýalar. Apple ilkinji eplenýän smartfonyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjam iPhone hatarynyň ähli taryhyndaky iň möhüm täzelenmesi bolup biler. Täze model uly içki ekranly, “kitap” görnüşinde taýýarlanar we köpugurly iş üçin niýetlener.
Enjam eplenýän ekran üçin ýörite uýgunlaşdyrylan iOS 27 ulgamy esasynda işlär. Bu ulgam birnäçe programmanyň bir wagtda işlemegine giň mümkinçilikler berer we belli derejede çäkli görnüşde iPad mümkinçiliklerine golaý bolar.
Şertli ýagdaýda iPhone Fold ýa-da iPhone Ultra diýlip atlandyrylýan eplenýän iPhone-yň tanyşdyrylyşyna 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri bilen bilelikde garaşylýar. Eplenýän görnüşiniň satuwynyň bolsa birnäçe aý soň başlanmagy mümkin.
Mundan başga-da, 2027-nji ýylyň ýazynda iPhone 18-iň esasy modeli, örän inçe iPhone Air 2 hem-de hatary giňeldýän iPhone 18e modeliniň çykmagyna garaşylýar.
Eplenýän iPhone seriýanyň ösüşinde möhüm tapgyr bolar we eplenýän ekranly ykjam enjamlarda programmalar bilen işlemegiň täze mümkinçiliklerini açar.
ORIENT
