«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy RF rubllarynda №2026/19 belgili tender yglan edýär. Tender Caterpillar C27 senagat hereketlendirijileriniň hem-de Caterpillar D8R buldozeriniň diagnostikasy, häzirki we düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilýär.
Çap edilen senesi: 2026-njy ýylyň 1-nji apreli
Arza tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 14-nji apreline çenli
Tenderde bellenen talaplara laýyk gelýän ýuridiki şahslar gatnaşyp biler.
Gatnaşmagyň tertibi
Tenderde gatnaşmak üçin:
– Gatnaşmak baradaky arzany şu e-poçta ibermeli: KhalilulinBS@tatneft.tatar.
Arza kompaniýanyň resmi blankasynda şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylmaly, ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilmeli we möhür bilen tassyklanmaly.
Arzada görkezilmeli maglumatlar:
– gatnaşyjynyň doly ady;
– hukuk ýagdaýy;
– hasaba alnan ýurdy;
– bank rekwizitleri.
Möhüm:
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza garalandan soň, gatnaşyja tehniki tabşyryk iberilýär.
Tender teklibi şu görnüşde hödürlenmeli:
– PDF formatynda;
– Excel formatynda gaýtalanma bilen;
– azyndan 8 belgili açar sözi bilen goralan RAR arhiwinde.
Tender teklibini tabşyrmagyň möhleti — «Nebit-Gaz» gazetinde we www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda, ýöne iň soňky güni ýerli wagt bilen sagat 18:00-dan gijä galman.
Bellenen möhletden soň tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
Tel.: +993 65 83 18 99
Tehniki meseleler boýunça:
Tel.: +993 62 74 18 80
ORIENT
