31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatlaryň üns merkezinde öň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri boldy.
Taraplar syýasy-diplomatik dialogyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler we halkara meýdançalarynda öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, diplomatlar iki ýurt üçin hem strategik ähmiýetli bolan pudaklarda — energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik gözden geçirdiler.

Gepleşikleriň medeni-ynsanperwer ugry iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki forumlary we çäreleri geçirmegiň meýilnamalary barada boldy.
