Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 2027-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň soňky duşuşygynda Taýlandyň ýygyndysyndan ýeňildiler.
D toparynyň duşuşygy Bangkok şäherindäki «Rajamangala» stadionynda geçirildi we öý eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Taýlandyň derwezesine ýeke-täk goly 60-njy minutda ýarym goragçy Teýmur Çaryýew geçirdi.
Taýlandyň ýygyndysy 15 utuk toplap, toparçada birinji orny eýeledi we Saud Arabystanynda geçiriljek final tapgyryna çykyp bildi. Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa 12 utuk bilen ikinji ýerde çykyşyny tamamlady.
Soňky duşuşykdan öň türkmen futbolçylary goşmaça görkezijiler boýunça toparçada öňde barýardylar we final tapgyra çykmak üçin deň hasap hem ýeterlikdi.
Soňky oýna baş tälimçi 22 futbolçyny çagyrdy. Arzadan daşarda Gonkongyň «Kitçi» klubynyň 34 ýaşly kapitany Ruslan Mingazow galdy, ol öz klubynda mart aýynyň iň gowy oýunçysy diýen ada dalaşgär bolupdy.
ORIENT
