Sişenbe güni Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Pakistan tarapyndan Ýakyn Gündogardaky dartgynlygy peseltmek boýunça alnyp barylýan araçylyk tagallalarynyň ähli taraplaryň umumy bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy. Bu beýannama Pekinde Pakistanyň premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri Mohammad Işak Dar bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda beýan edildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar halkara meselelerini we sebitdäki gapma-garşylyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Wan I Pakistan wekiliýetiniň saparyny gutlap, onuň Yslamabatda geçirilen dört taraplaýyn daşary işler ministrleriniň duşuşygyndan soň derrew amala aşyrylandygyny belledi. Ol Hytaýyň parahatçylyk gepleşiklerini täzeden başlatmakda Pakistanyň möhüm ornuny goldaýandygyny aýtdy. Ministriň aýtmagyna görä, bu proses ýeňil däl, emma Pakistanyň tagallalary ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerine laýyk gelýär.
Wan I Hytaýyň Pakistan bilen bilelikde harby hereketleriň tiz wagtda bes edilmegine ýetmek, parahatçylyk üçin şertleri döretmek we parahatçylykly gepleşikler üçin mümkinçilikleri açmak ugrunda iş alyp barmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol şu ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatladyp, döwlet ýolbaşçylarynyň gazanan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge we hytaý-pakistan umumy geljegi bolan jemgyýeti gurmagy ilerletmäge çagyrdy.
Mohammad Işak Dar öz gezeginde Pakistan bilen Hytaýyň dostlugynyň iki ýurduň halklarynyň ýüreginde çuň kök urandygyny nygtady. Ol Pakistanyň strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Dar Eýran bilen bagly ýagdaýda Pakistanyň araçylyk tagallalaryna beren goldawy üçin Hytaýa minnetdarlyk bildirdi we häzirki gapma-garşylygyň halkara energiýa üpjünçiligine päsgel berendigini hem-de ösüp barýan ýurtlara uly zyýan ýetirendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, meseleleriň çözgüdi diňe gepleşikleriň üsti bilen mümkin bolup, Pakistan parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna we sebitde parahatçylygyň dikeldilmegine ýardam bermek üçin Hytaý bilen utgaşykly hereket etmäge taýýardyr.
Hytaý we Pakistan Pars aýlagy sebitinde hem-de Ýakyn Gündogarda durnuklylygy dikeltmek üçin bäş maddadan ybarat bilelikdäki başlangyjy öňe sürdüler. Birinjiden, olar harby hereketleriň derrew bes edilmegine, gapma-garşylygyň giňelmeginiň öňüniň alynmagyna we ejir çeken sebitlere ynsanperwer kömegiň berilmegine çagyrýarlar.
Ikinjiden, mümkin boldugyça gysga wagtda parahatçylyk gepleşiklerini başlamak, Eýranyň hem-de Pars aýlagy ýurtlarynyň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek zerurdyr. Dialog we diplomatiýa jedelleri çözmegiň ýeke-täk ýoludyr.
Üçünjiden, taraplar raýat ilatyny we harby däl desgalary goramagy, halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmegini hem-de möhüm infrastruktura, şol sanda energetika we elektrik ulgamlaryna, şeýle-de parahatçylykly ýadro desgalaryna hüjümleriň bes edilmegini talap edýärler.
Dördünjiden, Hytaý we Pakistan dünýä derejesinde möhüm söwda we energiýa üpjünçiliginiň ugrunyň biri bolan Ormuz bogazynda gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýarlar. Raýat we täjirçilik gämileriniň howpsuz geçişi kepillendirilmelidir.
Ahyrynda, bäşinjiden, ýurtlar BMG-niň Düzgünnamasyna eýermäge, köptaraplaýyn çemeleşmäni berkitmäge we halkara hukugyna esaslanan uzak möhletleýin parahatçylyk üçin giň gerimli esas döretmäge çagyrýarlar.