Astanada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň wise-premýerlerini hem-de degişli ministrlerini bir ýere jemledi. Esasy maksat — Astanada 22-nji aprelde geçiriljek AHHG-niň esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňisyrasynda gazanylan ylalaşyklary jemlemekden ybarat boldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri suw hasabatyny sanlylaşdyrmak boldy. Olžas Bektenow sebitiň ýurtlaryna diňe bir beýannamalar bilen çäklenmän, eýsem suwa gözegçilik etmegiň hakyky guralyna geçmegi hem-de Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň hanalarynda serişdeleri paýlamagyň we gözegçilik etmegiň ýeke-täk ulgamyny ornaşdyrmagy teklip etdi. Bilelikdäki sanly hasabatlylyk suw sarp edilişiniň möçberleri boýunça ýüze çykýan düşünişmezlikleri aradan aýyrar we goňşularyň arasyndaky ynamyň binýada öwrüler.
Gazagystan AHHG-däki başlyklygyny tamamlamak bilen, täze şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilmegini goldaýar. Teklip edilýän Suwy peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýanyň Çarçuwaly konwensiýasy üç sany esasy ýörelgäni berkitmelidir: suw serişdelerini rejeli peýdalanmak; serhetüsti zyýanyň öňüni almak; gidrologiki maglumatlaryň erkin alyş-çalşygyny üpjün etmek.
Derýalaryň aşaky akymynda ýerleşýän beýleki ýurtlar üçin bolşy ýaly, Türkmenistan üçin hem AHHG-niň işiniň netijeliligi uly ähmiýete eýedir. Aprel aýynda Astanada geçiriljek sammit Gaznanyň işini täzelemegiň nokady bolmalydyr. Ol Gaznany sebitiň ekologik taýdan geljegi geljegi ugrunda anyk tehnologik çözgütleri kabul etmäge we iň esasy hem, durmuşa geçirmäge ukyply häzirki zaman gurluşyna öwürmelidir.
