Apple kompaniýasy Google Gemini emeli aň ulgamlaryna giňeldilen elýeterlilik aldy. Bu strategik hyzmatdaşlyk Siri-ni gysga wagtyň içinde doly derejeli intellektual kömekçä öwürmäge mümkinçilik berer. Täze tehnologiýalar ulanyjylaryň enjamlarynda çalt we gizlin işleýän kiçi göwrümli neýro torlary döretmegiň ýoluny açar.
The Information neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, iki kompaniýanyň arasynda baglaşylan ylalaşyk uly modellerden has ýeňil algoritmlere bilim geçiriş (knowledge transfer) usulyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa Apple inženerlerine Gemini-niň çylşyrymly logiki zynjyrlaryny imitasiýa edýän kiçi ulgamlary ep-esli az hasaplaýyş kuwwaty bilen taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Bu çemeleşmäniň esasy artykmaçlygy şahsy maglumatlaryň ýokary derejede goralmagy bolar, sebäbi amallaryň köpüsi ýerli görnüşde — göni enjamyň özünde ýerine ýetiriler. Siri-niň uly täzelenmesi iýun aýynda geçiriljek WWDC maslahatyna meýilleşdirilýär. Täze funksiýalaryň ornaşdyrylmagyndan soň ses kömekçisiniň hakykatdan hem proaktiw bolmagyna garaşylýar.
Täzelenen Siri öňki gepleşikleriň aýratynlyklaryny we ulanyjy bilen aragatnaşygyň kontekstini ýatda saklamagy başarar. Şeýle hem, ol özbaşdak peýdaly hereketleri teklip edip biler, mysal üçin, ýol ýagdaýyny we uçuş wagtyny seljerip, howa menziline öňünden ugrap gitmegi maslahat berer. Şol bir wagtda Apple kompaniýasy emeli aň boýunça öz garaşsyz işläp taýýarlamalaryny hem ösdürmegini dowam etdirer.
ORIENT
