Beýik Britaniýanyň British Petroleum (BP) kompaniýasy Özbegistan bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny resmi taýdan tassyklady. Iri maýa goýum taslamalarynyň geljekki mümkinçilikleri Özbegistanyň ilçisi Raşwan Usmanow bilen BP-nyň halkara ösüş departamentiniň ýolbaşçysy Maýkl Denisonyň arasynda maslahatlaşyldy diýip, Yuz.uz habar berýär.
Bu duşuşyk fewral aýynda hökümet derejesinde geçirilen gepleşikleriň dowamydyr. Taraplar bilelikdäki senagat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk esas döredilendigini bellediler.
Britaniýa tarapyndan ýurduň energetika pudagyny ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirilýär. Hyzmatdaşlyk uglewodorod serişdeleri gözlemek we gazyp almak, şeýle hem infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alar. Hususan-da, pudaga häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.
BP ýaly uly kompaniýanyň gelmegi Özbegistanyň energetika kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrar we sebitdäki maýa goýum çekijiligi artdyrar. Kompaniýanyň wekiliýetiniň V Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmagy täze anyk ylalaşyklary baglaşmak üçin platforma bolup hyzmat etjekdigine garaşylýar.
ORIENT
